Sepleriň elýeterliligi

Hassan Rohani eýran saýlawlarynda ikinji möhlete prezident saýlandy


Hassan Rohani

Eýranyň Içeri işler ministrligi prezident Hassan Rohaniniň 19-njy maýdaky saýlawlarde berlen sesleriň tas ählisiniň sanalmagy netijesinde gaýtadan saýlanandygyny yglan etdi.

Rohani sesleriň 57 prosentini aldy, onuň esasy garşydaşy, ozalky prokuror Ebrahim Reýsi bolsa sesleriň 38.5 prosentini aldy. Saýlawlarda bäsleşen beýleki iki kandidat 1 million sese-de ýetip bilmedi diýip, içeri işler ministri Abdolreza Rahmani Fazli aýtdy.

Resmiler ses bermäge ukyply 55 million raýatyň 41 million çemesiniň ses berendigini, ýagny saýlawlara gatnaşygyň 73 prosent çemesi bolandygyny aýtdylar.

By ýeňiş Rohanä Günbatar bilen başlanan ykdysady, diplomatik maýylganlygy dowam etdirmäge mümkinçilik berer.

Ozalky prezident, Rohanä ynam bildiren Mohammad Hataminiň instagram hasabynda Rohaniniň ýeňiş yşaratyny edip, “Umyt izolýasiýadan üstün ýykdy” diýen şygary galdyrýan suraty görkezilýär.

Emma muňa garamazdan, bu saýlaw Eýranyň indiki prezidentiniň öz kampaniýa wadalaryny hökmany suratda ýerine ýetirip biljegini aňlatmaýar. Yslam respublikasynyň teokratik sistemasynda ähli syýasy meselelerde ýokary lider aýatolla Ali Hamaneýi iň esasy karar beriji bolup durýar.

Dünýä döwletleri bilen sanksiýalary ýatyrmak babatda gelnen we böwsüş bolan ýadro ylalaşygyna gözegçilik eden Rohani Günbatar bilen gatnaşyklary ýygjamlatmagy we agyr işsizlik zerarly daşary ýurtlardan gazanç agtarmaga ýykgyn edýän eýranlylar üçin has kän azatlygy wada berdi.

56 ýaşyndaky Reýsiniň ýurduň iň esasy şahsyýeti, ýokary lider aýatolla Ali Hameneýi tarapyndan ynanylýan adamdygy aýdylýar.

Reýsiniň ady 77 ýaşyndaky Hameneýiniň mümkin bolan yztutary hökmünde hem tutulýar.

1980-nji ýyllarda müňlerçe syýasy tussagyň jezalandyrylyp öldürilmegine dahylly ölüm komissiýalarynyň ozalky agzasy bolan Reýsi Hameneýiniň we beýleki berk liniýaly ruhanylaryň özüňi üpjün etmek we ykdysadyýeti ösdürmek babatynda ozal eden çagyryşlaryny gaýtalady. Şeýle-de ol Rohanini eýranlylaryň arasyndaky deňsizligi düýpli ýokarlandyrmakda aýyplady.

Ruhanylaryň agalygyndaky yslam ýurdunyň 81 million töweregi raýaty bar, adamlar agyr işsizlik zerarly ýurtda we daşary ýurtlarda ykdysady problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

XS
SM
MD
LG