Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ilkinji daşary ýurt saparyna başlady


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Riýadda patyşa Salman tarapynda garşy alyndy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýanwar aýynda prezidentlige başlaly bäri ilkinji daşary ýurt saparyna başlap, Saud Arabystanynyň paýtagty Riýada bardy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýanwar aýynda prezidentlige başlaly bäri ilkinji daşary ýurt saparyna başlap, Saud Arabystanynyň paýtagty Riýada bardy.

Saud Arabystanynyň patyşasy bu saparyň iki ýaran ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyryp, global howpsuzlyga goltgy berjegini aýdýar.

"Jenap prezident, siziň saparyňyz biziň strategiki hyzmatdaşlygymyzy berkider, global howpsuzlyga we durnuklylyga getirer” diýip, patyşa Salman 20-nji maýda twitterde aýtdy.

Bu sapar mahalynda Birleşen Şatatlar bilen Saud Arabystanynyň arasynda köp millirdlyk ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar.

ABŞ-nyň birinji hanymy Melania Tramp bilen bilelikde gelen ýokary derejeli myhman 20-nji maýda, Patyşa Halid halkara aerportynda patyşa Salman tarapynda garşy alyndy.

Ol sünnileriň ýolbaşçylygyndaky patyşalygyň liderleri bilen gepleşik geçirip, soňra patyşalyk maşgalasynyň agzalary bilen Murabba köşgünde nahar banketine goşular. ABŞ-nyň prezidenti 21-nji maýda Riýadda esasan ekstremist toparlara garşy söweşe bagyşlanan regional sammitde söz sözlär.

Saud resmileri bu sapary “taryhy” diýip atlandyrdylar we onuň syýasy we söwda ylalaşyklaryny öz içine alyp, yslamçy jeňçilere garşy bilelikde alnyp barylýan söweşi güýçlendirmäge kömek etjekdigini bellediler.

Ozalky prezident Barak Obamanyň saudlylaryň regional bäsdeşi Eýran bilen ýakynlaşmasy netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýaramazlaşypdy.

Tramp Saud Arabystanyndan soň Ysraýyla, Italiýa, Watikana we Brýussele sapar eder.

Tramp administrasiýasy bu saparlaryň oňa ABŞ-nyň esasy ýaranlary, hususan-da Ýakyn Gündogardakylar bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge kömek etmegine umyt baglaýarlar.

XS
SM
MD
LG