Sepleriň elýeterliligi

Report: Hytaý iki ýylda 20-ä golaý ABŞ agentini öldürdi ýa türmä basdy


ABŞ, CIA-niň McLeandäki, Wirginiadaky binasynyň lobbisi

Hytaý hökümeti Merkezi aňtaw agentliginiň (CIA) Hytaýdaky aňtaw tagallalaryny “sistematiki opuryp”, 2010-njy ýylyň aýagyndan başlap, iki ýylyň dowamynda gizlinlikde işleýän CIA çeşmeleriniň azyndan 12 sanysyny öldürdi ýa türmä basdy diýip, “The New York Times” gazeti 21-nji maýda habar berdi.

“The Timesiň” häzirki we ozalky amerikan resmileriniň on sanysynyň atlarynyň aýdylmazlyk şerti bilen beren maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, bu soňky onýyllyklarda görlen iň ýaman aňtaw bökdelmeleriniň biri bolup durýar.

Derňewçileriň käbiriniň ynanjyna görä, Merkezi aňtaw agentliginiň içinde bir şugul bar, emma beýlekiler Hytaýyň CIA-niň daşary ýurtlardaky çeşmeleri bilen gürleşmekde ulanýan gizlin sistemasyna aralaşandygyny, hakerlik edendigini güman edýär. Bu jedel çözülmän galýar diýip, gazet aýdýar.

2010-ny ýylyň aýagyndan 2012-nji ýylyň ahyryna çenli azyndan 12 sany CIA çeşmesi öldürildi, şol sanda olaryň hökümet binasyndaky suduň howlusynda, kärdeşleriniň öňünde, beýlekilere göz edilip, atylyp öldürilenleri hem bar diýip, “the Times” habar berdi.

Umuman alnanda, iki sany ozalky baýry resminiň sözlerine görä, Hytaýda 18-den 20-ä çenli çeşme ýa öldürildi, ýa türmä basyldy.

Bu ýitgiler ABŞ-nyň Sowet Soýuzynda we Orsýetde, iki sany ýakasy gaýyşly içalynyň – Oldriç Eýms (Aldrich Ames) bilen Robert Hansseniň dönükligi esasynda ýitiren adamlarynyň sanyna barabar diýip, habarda aýdylýar.

Günbataryň aňtaw gulluklary Hytaýda we Russiýa aňtaw nokatlaryny gurmagy adatdan daşary ýagdaýda kyn hasaplaýarlar

Federal derňew býurosy (FBI) we Merkezi aňtaw gullugy (CIA) 2013-nji ýylda Hytaý indiden beýläk amerikan agentlerini paş etmäge ukyply däl diýen netijä geldiler diýip, gazet ýazýar we CIA-niň we FBI-iň düşündiriş bermekden boýun gaçyrandygyny belleýär.

Bu maglumatlar CIA-niň käbir ýokary derejedäki gizlin maglumatlarynyň iki aý ozal nähili ýagdaýda WikiLeakse ýetendigini anyklamaga çalyşýan wagtyna, FBI-niň bolsa Donald Trampyk kampaniýasy bilen Russiýanyň arasyndaky ähtimal baglanyşyklary derňeýän mahalyna gabat geldi.

Tramp administrasiýasy Iowanyň gubernatory Terry Branstady Hytaýdaky ilçisiniň wezipesine belledi, ol entek Pekine göçenok.

XS
SM
MD
LG