Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan eýranly tussaglaryň 27-sini ekstradisiýa etdi


Hassan Kaşkawi, Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary

Eýran metbugatynyň habaryna görä, şenbe güni Bajigiran serhet geçelgesi arkaly Türkmenistanda sud edilen 27 adam eýran häkimiýetlerine tabşyryldy.

“Gündogar” saýtynyň maglumatyna görä, tähran häkimiýetleri Eýranda jeza çekýän üç türkmenistanlyny Aşgabada tabşyrdylar.

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Hassan Kaşkawiniň “Tasnim” habar gullugyna aýtmagyna görä, bu tussaglar Tähran bilen Aşgabadyň arasynda tussaglary öz ýurtlaryna ekstradisiýa etmek boýunça baglaşylan şertnama esasynda ýurduna gowşurylýan eýranly bendileriň birinji tapgyry bolup durýar.

Metbugat habarlaryna görä, türkmen türmelerinde ýene 280 eýranly jeza çekýär we olary ýurduna ibermek üçin gepleşikleriň alnyp barylýandygy aýdylýar.

Bu ekstradisiýa Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň uly derejeli türkmen resmileri bilen geçiren duşuşyklary we Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Aşgabada baran wekilleriniň geçiren gepleşikleri esasynda mümkin boldy diýip, Kaşkawi sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistan we Eýran 2015-nji ýylyň martynda Aşgabatda ýokary derejede gepleşik geçirip, syýasy-ykdysady, medeni, kanun, ylym we tehnologiýa pudaklarynda hyzmatdaşlyk boýunça 17 dokumente gol çekdi.

Ekstradisiýa etmek baradaky şertnama prezidentler Hassan Rohani bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken dokumentleriniň diňe biridi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG