Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan bilen Özbegistan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dokumentlerine gol çekdi


Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen
Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen

20-nji maýda "Awaza" Kongresler merkezinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň ikitaraplaýyn hyzmatdaşly giňeltmek boýunça dokumentler toplumyna gol çekildi.

Hususan-da Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Uzbekenergo» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda; Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa we daşky gurşawy goramak baradaky döwlet komitetiniň arasynda; Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistan Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň arasynda; “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Uzbeknefitgaz” milli holding kompaniýasynyň arasynda; «Türkmenhowaýollary» gullugy bilen «Uzbekiston hawo ýullari» milli awiakompaniýasynyň arasynda ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi.

Taraplar Aşgabat bilen Daşkent şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Nizami adyndaky Daşkentiň döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hem ylalaşyk baglaşdylar diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG