Sepleriň elýeterliligi

YD-a goşulan täjik komandiriniň maşgalasy 'gorky astynda'


Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite harby toparynyň komandiri Gulmurod Halimow 2015-nji ýylyň aprel aýynda ýitirim bolupdy.

Iki ýyl ozal öz ýurduny taşlap “Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparyna goşulan ozalky täjik polisiýa polkowniginiň maşgalasynyň durmuşynyň “gözgyny ýagdaýa” öwrülendigini onuň gyzy habar berýär.

Gulmurod Halimowyň aýaly Nazokat Muradowa we olaryň 15 ýaşly iň uly gyzy Nilufar Halimowa dagylar, polkownik öz maşgalasyny taşlap gideni bäri ilkinji giň göwrümli kommentariýasyny 18-nji maýda AÝ/AR-na gürrüň berdi.

Olar Halimow gideni bäri özleriniň dowamly psihologiki we sosial taýdan basyş astynda galýandygyny, polisiýa derňewi we maddy kynçylyklary çekýändiklerini aýtdylar.

Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite harby güýçleriniň polkownigi bolup işleýän 42 ýaşyndaky Halimow, 2015-nji ýylyň aprel aýynda ýitirim boldy. Ol soňra Internetde, YD-ne goşulandygyny aýdýan we täjik hökümetine haýbat atýan wideosy bilen peýda boldy.

“Kakamyň gidendigi baradaky habarlar ýaýranda hemme gulluklaryň resmileri her hili soraglar sorap, bizi sorag etmäne geldiler. Men gaty gorkdum. Biz henizem gorky astynda ýaşaýarys” diýip, Halimowa aýtdy.

Şäheriň çetinde ýerleşýän öýlerinde, ejesiniň gapdalynda oturan ýetginjek, žurnalistleriň we häkimiýetleriň entegem sorag soramaga gelýändiklerini aýdýar.

Halimow we Muradowanyň 18 ýaşly uly ogly Behruzyň (maşgalanyň ekleýjisi) geçen aýda tussag edilmeginden soňra, ejeli-gyz AÝ/AR-na maşgalasynyň maddy problemalarynyň has hem kynlaşandygyny aýtdy.

Halimowa: “Hatda hepdede bir gezejik et iýmäge hem gurbumyz çatanok” diýdi.

Halimow gideninden soňra Behruzyň öz doktor bolmak arzuwyndan ýüz öwürmeli we maşgalasyna hemaýat etmek üçin dükanda işlemeli bolandygyny Muradowa aýtdy. Muradowanyň Halimow bilen dört çagasy bar.

Ol Behruzyň tussag edileni bäri bir kişilik kamerada saklanýandygyny aýtdy. Täjik häkimiýetleri Behruzyň tussag edileni ýa-da onuň ykbaly barada hiç hili resmi tassyknama çap etmedi.

2016-njy ýylyň awgustynda Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti Halimowyň, YD toparynyň esasy agzasydygyny aýdyp, onuň nirededigi barada maglumat berene 3 million amerikan dollary möçberinde baýrak teklip etdi.

Yrak mediasynda çykan habarlara görä, Halimow 2016-njy ýylyň iýul aýynda demirgazyk Yrakda öldürilendigi aýdylýan komandir Umar al-Şişaniniň ýerine bellenipdir.

Geçen aýda günbatar mediasy, yrakly resmileriň Halimowyň Musuldaky howa zarbasynda öldürilendigi barada habar berendigini aýtdy.

Muradowa äriniň öz işi bilen baglanyşykly syýahata çykýandygyny aýdyp gideni bäri, onuň özi bilen hiç hili habarlaşmandygyny aýtdy.

Ol öz maşgalasynyň Internede girmäge maddy mümkinçiliginiň ýokdugyny, telewizor we myş-myşlar arkaly habarlaryň özlerine gelip ýetýändigini belledi.

Täjik mediasynyň habar bermegine görä, Halimowyň uzak wagtdan bäri ýoldaşy hem-de ozalky döwlet gümrük gullugynyň işgäri Humaýro Mirowa, Halimowdan bolan dört çagasy bilen 2016-njy ýylyň fewral aýynda, Siriýada onuň ýanyna barypdyr.

“Kakam Humaýro bilen bolmagy ýüregine düweninden soňra bizden uzakda ýaşady. Bu esasanam biziň ejemiz üçin kyn bolupdy. Sebäbi biz mekdebe gidýärdik, emma ol bütin wagtyny pikir edip hemişe öýde ýeke galmaly bolýardy” diýip, Halimowa gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG