Sepleriň elýeterliligi

Tramp ‘gutarnykly ylalaşygyň’ gözleginde Ysraýyla barýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň iki günlük resmi sapar bilen 22-nji maýda Ysraýyla barmagyna garaşylýar. Bu saparyň dowamynda ol özi tarapyndan “gutarnykly ylalaşyk” diýip atlandyrylýan Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky parahatçylyk pakty dogrusynda progress gazanmagy göz öňünde tutýar.

Tramp 2014-nji ýyldan bäri durgunlylaşan parahatçylyk gepleşiklerine täze itergi getirmek umydy bilen, Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu we Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bilen aýry-aýrylykda duşuşyklary geçirmegi planlaşdyrýar.

Emma muňa garamazdan, Trampyň kömekçileri bu saparyň simwolik hereket hökmünde görülmelidigini aýdyp, uly ädimleriň boljakdygy baradaky umytlary pese gaçyrdylar.

Birleşen Ştatlaryň ilçisi Dawid Fraýdman (David Friedman) Ysraýylyň “Haýom” gazetine beren interwýusynda Trampyň häzirki maksady “gelejekde parahatçylyga getirjek gepleşikleri başlamakdan” yabarat diýdi.

Tramp Ierussalime barmazdan ozal, 21-nji maýda Ysraýyl palestinalylara käbir ykdysady ýeňillikleri girizmegi kabul etdi. Tramp öň Ysraýyldan bu ýeňillikleri girizmegi sorapdy.

XS
SM
MD
LG