Sepleriň elýeterliligi

“Talyban” Owganystanyň günortasyna hüjüm etdi


Zabul welaýatyna edilen hüjümiň jogapkäçiligini "Talyban" hereketi öz ütüne aldy. Arhiwden

Owganystanda jeňçileriň ýurduň günorta sebitindäki barlag-gözegçilik nokatlaryna eden hüjümlerinde howpsuzlyk işgärleriniň hataryndan azyndan 20 adam öldi.

Paýtagt Kabulda bir myhmanhana amala aşyrylan hüjümde bolsa, bir daşary ýurtly gumanitar işgäri we ýerli howpsuzlyk wekili heläk boldy.

Zabul welaýatynyň häkiminiň metbugat wekiliniň beren maglumatyna görä, “Talyban” jeňçileri Şah Joý etrabyndaky ençeme barlag gözegçilik nokadyna hüjüm edipdirler.

Resmiler bu hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alan “Talyban” söweşijileriniň welaýatyň merkezi şäheri Kalata hem raketa atandyklaryny aýtdylar.

Bu aralykda, Kabulda bir myhmanhana edilen hüjümde germaniýaly bir aýal we owgan howpsuzlyk gullugynyň wekili öldürildi, şeýle-de finlýandiýaly başga bir zenan alnyp gaçyldy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG