Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan premýer-ministri Mançesterde ‘terrorçylykly hüjümiň’ bolandygyny aýtdy


Mançesterde wakanyň bolan ýerindäki adamlar we polisiýa işgärleri.
Mançesterde wakanyň bolan ýerindäki adamlar we polisiýa işgärleri.

Britaniýanyň premýer-ministri Teresa Maý 22-nji maýda Mançesterdäki konsert zalynyň daşyndaky bomba partlamasynyň “aýylganç terrorçylyk hüjüm” bolandygyny we polisiýanyň hüjümçiniň şahsyýetini anyklandygyny aýtdy.

Bu aralykda, Mançester şäheriniň polisiýasy janyndan geçeniň eden bomba hüjümi bilen ilteşikli günorta Mançesterde 23 ýaşly bir adamy tussag etdi.

Teresa Maý ýurduň polisiýasy we howpsuzlyk gulluklary 22 adamyň, şol sanda çagalaryň ölümine we başga-da 59 sanysynyň ýaralanmagyna sebäp bolan Mançester arenasynyň daşyndaky bomba partlamasy barada “aýdyň maglumatlary bermek üçin gyssagly iş alyp barýarlar” diýdi.

Mundan öň, Britaniýanyň demirgazygyndaky Mançester şäherindäki arenanyň daşynda bolan wakanyň şaýatlary 22-nji maýda gije sagat 21:35 töweregi “güýçli partlamanyň” sesini eşidendiklerini aýtdylar.

Bu waka agzalýan arenada Birleşen Ştatlardan gelen aýdymçy Ariana Grandeniň konsert çäresi geçirilenden soň, adamlar öýlerine gaýdýan mahaly amala aşyryldy.

Britaniýanyň polisiýa resmileri wakada 22 adamyň öldürilendigini aýdyp, bu hüjümiň konsertden soň bir adam tarapyndan amala aşyrylandygyna ynanýandyklaryny mälim etdiler.

“Biz häzirki pursatda düýn gijeki hüjümiň bir adam tarapyndan amala aşyrylandygyna ynanýarys” diýip, Mançester baş konstebli (red: Polisiýa çini) Ýan Hopkins (Ian Hopkins) aýtdy.

“Men hüjümçiniň arenada ölendigini tassyklap biljek. Biz hüjümçide elde ýasalan partladyjy serişdäniň bolandygyna we ony partlatmagy netijesinde şeýle aýylganç wakanyň amala aşyrylandygyna ynanýarys” diýip, Hopkins aýtdy.

Ol hüjümçiniň ýekebaramy ýa-da bir ulgamyň bölegi hökmünde hereket edendigini anyklamagyň möhümdigini sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG