Sepleriň elýeterliligi

Orsýet türgenleşikler üçin Täjigistana “Iskander-M” kysymly ballistik raketa iberýär


“Iskander-M” kysymly taktiki ballistik raketalar, Moskwa regiony, 9-njy sentýabr, 2016.

Orsýet harby türgenleşikler üçin Täjigistana “Iskander-M” kysymly taktiki ballistik raketalary iberendigini mälim etdi. Moskwa raketalaryň bu görnüşini Merkezi Aziýa ilkinji gezek iberýär.

Orsýetiň merkezi harby regionynyň goşun ýolbaşçysy general-polkownik Wladimir Zarudnitskiý 25-nji maýda Ýekaterinburg şäherinde eden çykyşynda agzalan raketa sistemasynyň “Duşenbe-anti-terror 2017” atly harby maşklarynda ulanyljakdygyny aýtdy.

30-njy maýda we 1-nji iýunda geçiriljek bu türgenleşikler Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň Terrora garşy merkezi tarapyndan geçiriler/

Orsýetiň Täjigistanda 7000 çemesi harbysy bar, olar Orsýetiň bu ýurtdaky harby bazasynyň üç sany bölüminde ýerleşýärler.

Owganystan bilen uly serhede eýe bolan Täjigistan Orsýetiň täsiri astyndaky Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň düzümine girýär, emma, şol bir wagtda-da ABŞ bilen harby hyzmatdaşlyk alyp barýar.

XS
SM
MD
LG