Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Özbegistany TOPH-a çagyrdy


Illýustrasiýa.
Illýustrasiýa.

Özbek prezidentiniň Türkmenistana ýakynda eden saparynyň dowamynda, beýleki meseleler bilen birlikde, türkmen gazyny Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berjek gazgeçiriji proýektiniň üstünde durlup geçildi.

Geçen hepdäniň ahyrynda Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenbaşy şäherinde özüniň türkmen kärdeşi bilen duşuşanda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçiriji taslamasyna gatnaşmagy üçin, mümkinçiligiň bardygyny aýdyp, Daşkendi bu proýekte gatnaşmaga çagyrdy.

Emma Berdimuhamedow gürrüňini edýän ‘mümkinçilikleriň’ häsiýeti we jikme-jikleri barada hiç zat aýtmady.

Şol bir wagtda, türkmen metbugatynda Şawkat Mirziýoýewiň öz gezeginde TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygyna özbek tarapynyň hem gatnaşmagy barada G.Berdimuhamedowa teklip bilen ýüzlenendigi hakda maglumat berilýär.

Emma gepleşikleriň netijeleri boýunça türkmen telewideniýesinde görkezilen şekillerde özbek tarapynyň TOPH proýektine gatnaşmak boýunça nähilidir bir teklip bilen ýüzlenýän şekilleri görkezilmeýär; eýsem Mirziýoýewiň türkmen prezidentiniň bu eden teklibine minnetdarlyk bildirýändigi we ‘onuň pikiriçe bu proýekte hökman gatnaşylyp bilinjekdigi’ barada eden çykyşy görkezilýär.

Özbek lideri nebit-gaz ulgamynda we elektroenergetika pudagynda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen resminamalaryň ähmiýetini bellese-de, ýokarda-da nygtaýşymyz ýaly, Özbegistanyň TOPH proýektine nähili ýagdaýda gatnaşyp biljekdigi takyklaşdyrylmaýar.

The Diplomat neşiri özbek prezidentiniň TOPH baradaky eden çykyşynyň has köp simwoliki häsiýete eýe bolandygyny nygtap, onuň iş ýüzünde durmuşa geçmän biljekdigini hem öňe sürýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, 1990-njy ýyllardan bäri gürrüňi edilýän 1814 kilometrlik we ýylda 33 milliard m3 gazy akdyrmaga ukyply boljakdygy aýdylýan gazgeçiriji proýektiň amala aşyrylmagyna Owganystandaky we Pakistandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň böwet boljakdygy aýdylyp gelinýär.

TOPH-yň Türkmenistan böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda badalga berilse-de, onuň Owganystanyň howpsuzlyk taýdan durnuksyz sebitlerinden geçjek bölekleriniň goragynyň nähili ýagdaýda üpjün ediljekdigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Gepiň gerdişine görä bellesek, TOPH-yň ilki başda 2019-njy ýylda tamamlanjakdygy aýdylsa-da, şu ýylyň ýanwarynda, onuň 2020-nji ýyla çenli yza süýşürilendigi mälim edilipdi.

XS
SM
MD
LG