Sepleriň elýeterliligi

Türkmen migranty söýgülisiniň yzyna dolanmagyny isleýär


Illýustrasiýa

Ýatlap geçsek, Türkiýäniň Sakarýa welaýatynyň Arifiýe etrabynyň Mollaköý atly ýerinde, 25-nji aprelde, agşam sagat 18.30 töwereginde 20 ýaşyndaky D.M. atly türkmenistanly bir gyz maşgalasyndaky oňşuksyzlyk sebäpli köprüden özüni aşak taşlap, janyna kast etmäge synanyşypdy.

Indi bolsa sosial mediada özüni taşlap giden söýgülisi yzyna dolanmasa, janyna kast etjegini aýdyp, boýnuna tanap geçirip düşen suratyny ýaýradan bir türkmen zähmet migrantynyň habary ýaýrady.

Aýdylşyna görä, söýgülsi ýanyna dolanmasa, özüni asjakdygyny sosial medianyň üsti bilen ýaýradýan Stambuldaky türkmenistanly zähmet migranty Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň ýaşaýjysy T.S (26). Ony taşlap gidendigi aýdylýan türkmen zenan bolsa Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň ýaşaýjysy D.S. Adynyň efirde tutulmazlygyny isläp, wakany Azatlyk Radiosyna gürrüň beren migrant oglanyň bir hossarynyň aýtmagyna görä, olar Türkmenistanda hem köp wagtlap adagly ýaly halaşyp gezipdirler.

Onuň aýtmagyna görä, ýöne ol gyz Stambulda söýgülisi bilen bir salym ýaşaşandan soň, bir puldar türk raýatyna gabat gelýär we şonuň bilen gatnaşyk gurup, soňam türkmen oglany taşlap gidýär. Ol öz janyna kast etmek bilen haýbat atýan T.S. atly Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň ýaşaýjysy bolan Stambulda işleýän zähmet migrantynyň häzirlikçe hiç hili töwellany kabul etmeýändigini belläp, "Eger söýen gyzym yzyna dolanmasa özüni asaryn" diýip, ähli dogan-garyndaşlaryna we tanyş-bilişlerine boýny tanaply suratyny iberýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Stambulda ýaşaýan türkmenistanly aktiwist Rozybaý hem ýanynda wagtlaýynça ýaşan bir türkmen migrant zenanyň "ýagşylyga ýamanlyk" edip gidendigini aýdýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkiýäniň migrasiýa gullugyndan alnan maglumata görä, 2016-njy we 2017-nji ýyllarda kanuny ýagdaýda hasaba alynan türkmenistanly migrantlaryň sany 30 müň töwereginde. 2012-nji ýyldan bäri bolsa diňe 200 müňe golaý köne pasportly we wizasyz ýagdaýdaky türkmen migrantlary hasaba alnypdyr.

Sözümizi jemläp aýtsak, öz janyna kast etmek bilen haýbat atýan türkmen migrantynyň ýagdaýy barasynda degişli ýerlerden haýsam bolsa bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG