Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy sebäpli sanksiýalara 'seredýär'


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Ýokary derejeli amerikan resmisi Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň Moskwanyň Ukrainanyň içerki işlerine garyşmagy netijesinde, Obama administrasiýasy tarapyndan Orsýete garşy girizilen sanksiýalara “garaýandygyny”, ýöne bu sanksiýalaryň öz güýjünde galmagy barada entek belli bir pozisiýasynyň ýokdugyny aýtdy.

Ak tamyň ykdysady geňeşçisi Gari Kohnyň aýtmagyna görä, 25-nji maýda Brýusselde Tramp bilen duşuşan Ýewropa liderleri ondan sanksiýalary uzaltmak planlarynyň bar ýa ýokdugyny sorapdyrlar. Gürrüňi edilýän sanksiýalar ilkinji gezek 2014-nji ýylda, Orsýet Krymy bikanun özüne birikdireninden soňra girizildi.

Tramp bu soragyň jogabynda özüniň belli bir netijä gelmändigini aýdypdyr.

“Meniň pikirimçe, prezident muňa garaýar. Entek biziň bir pozisiýamyz ýok” diýip, Kohn aýtdy.

Ol soňra-da, Trampyň “köp mümkinçilikleri bar”, şolary gözden geçirýär diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Saýlaw kampaniýasynda Tramp prezidentlige saýlanan halatynda, sanksiýalaryň ýatyrylmagy barada bar bolan mümkinçiliklere “garajakdygyny” we Krymy Orsýetiň bir bölegi diýip ykrar etmeginiň hem mümkindigini aýdypdy.

Ýöne administrasiýanyň ýokary derejeli agzalary Orsýet Birleşen Ştatlary sanksiýalary ýeňilleşdirmäge iterjek ädimleri ätmedik halatynda, sanksiýalaryň öz güýjünde galjakdygyny açyk aýdýarlar.

Mysal üçin, Amerikanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Nikki Haleý Orsýet ýarym adany Ukrainanyň kontrollygyna bermese, administrasiýa Krymy basyp almagy sebäpli Orsýetiň garşysyna girizilen sanksiýalary ýatyrmaz diýdi.

Tramp bilen döwlet sekretary Reks Tillerson 10-njy maýda, Waşingtonda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşanlaryndan soňra-de, Döwlet departmenti Tillersonyň Lawrowa “sanksiýalar, girizilmegine sebäp bolan hereketler yza çekilýänçä, öz güýjünde galar” diýenini habar berdi.

2014-nji ýylda Birleşen Ştatlar bilen Ýewropa Bileleşigi tarapyndan aýry-aýrylykda girizilen sanksiýalar girizileli bäri ençeme gezek uzaldylyp, giňeldildi.

Orsýet Krymy ýaragly güýçlerini iberip, regional parlamenti öz kontrollygyna alyp, bir referendum gurnanyndan soňra eýeledi. Referendumy ABŞ bilen Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň aglaba köplügi bikanun diýip tankytladylar. Şeýle hem Orsýet gündogar we günorta Ukrainada hökümete garşy gozgalaň turzup, 2014-nji ýyldan bäri 9900-den agdyk adamyň başyna ýeten uruşda separatistleri goldady.

25-nji maýda Brýusselde Tramp bilen geçirilen gepleşikden soňra, Ýewropa geňeşiniň başlygy Donald Tusk: “Orsýet barada umumy pozisiýamyzyň we umumy garaýşymyzyň bardygy hakda men ýüzde-ýüz arkaýyn däl. Ýöne Ukrainadaky konflikt barada welin şol bir liniýany yzarlaýana meňzeýäris” diýdi.

XS
SM
MD
LG