Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Washington Post”: Kuşner Orsýete Tramp bilen gizlin gatnaşyk gurmagy teklip etdi


Jared Kuşner, Ak tamada uly geňeşçi, Trampyň gyzy Iwankanyň adamsy
Jared Kuşner, Ak tamada uly geňeşçi, Trampyň gyzy Iwankanyň adamsy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň giýewisi Waşingtondaky rus ilçisi bilen saýlawdan soň bolan duşuşyk mahalynda Trampyň topary bilen Kremliň arasynda gizlin aragatnaşyk kanalyny gurmagy teklip etdi diýip, media 26-njy maýda habar berdi.

Tutulan rus habarlaryna görä, ilçi Sergeý Kislýak özüniň Moskwadaky ýolbaşçylaryna Jared Kuşneriň bu teklibi 1-nji ýa 2-nji dekabrda Nýu-Ýorkdaky Tarmp binasynda bolan duşuşykda edendigini aýtdy diýip, “Washington Post” gazeti anonim ABŞ resmilerine salgylanyp ýazýar.

Kislýak Kuşneriň (häzir Ak tamada uly geňeşçi, Trampyň gyzy Iwankanyň adamsy) Russiýanyň Birleşen Ştatlardaky diplomatik desgalaryny aragatnaşyk üçin ulanmagy teklip etdi diýip, “Washington Post” ýazdy. Bu duşuşyga biraz soň Trampyň ilkinji milli howpsuzlyk geňeşçisi bolan Maýkl Flin hem gatnaşdy diýip, habarda aýdylýar.

“Roýters” habar gullugy hem ozal anonim resmilere salgylanyp, Kuşner, Kislýak, Flin dagynyň Tramp bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň arasynda aragatnaşyk kanalyny gurmagyň maslahatyny edendigini habar beripdi, emma bu habarda gürrüňi edilýän duşuşygyň jikme-jiklikleri aýdylmandy.

Ak tam mart aýynda Trampyň kömekçileri bilen Kislýagyň arasynda bolan duşuşygyň üstüni açdy, emma onuň ähmiýetini peseldip görkezdi.

Emmam indi Federal derňew býurosy - FBI bu duşuşygyň, şeýle-de Kuşneriň rus bankiri bilen bolan beýleki bir duşuşygynyň Russiýanyň ABŞ saýlawlaryna täsir ýetirmek synanşygy bilen baglylykda derňewe dahyllydygyny aýdýar diýip, neşir habar berdi.

Kuşner rus döwletiniň eýeçiligindäki Wneşekonombankyň başlygy Sergeý Nikolaewiç Gorkow bilen hem dekabrda, Tramp binasynda duşuşdy. Bu bank 2014-nji ýyldan bäri ABŞ sanksiýalarynyň astynda diýip bilinýär.

“Roýters” habar gullugynyň maglumatyna görä, FBI derňewçileri orsýetliler Kuşnere ýa beýleki Tramp kömekçilerine sanksiýalary gowşatmagyň şeýle rus banklaryna Tramp bilen ilteşikli adamlary maliýeleşdirmäge ýol açjagyny aýdyp-aýtmandygyny barlaýarlar.

Şeýle-de “Roýters “ Kuşneriň 2016-njy ýylyň prezidentlik kampaniýalary döwründe we ondan soň Kislýak bilen azyndan üç gezek ozal aýdylmadyk gatnaşygynyň bolandygyny habar berdi. Muňa aprel we noýabr aýlaryndaky telefon gepleşikleri hem girýär.

Kuşneriň aklawçysy “Roýterse” onuň hiç bir aýdylmadyk aragatnaşygyny ýadyna salyp bilmeýändigini, sebäbi şol diýilýän wagt çäginde “müňlerçe telefon” gepleşiginiň bolandygyny aýtdy.

“Washington Post” gazeti Kislýak Kuşneriň bir amerikana rus ilçihanasyndaky ýa konsullygyndaky aragatnaşyk enjamlaryny ulanmaga rugsat bermek baradaky teklibine haýran galypdyr, sebäbi bu teklip Moskwa üçin-de, şol bir wagtda Tramp topary üçin-de howpsuzlyk töwegelligine eýedi diýip ýazýar.

Aragatnaşyk kanalyny gurmakdan başga, Kuşner, Flin we Kislýak Trampyň wekili bilen “Rus aragatnaşykçysynyň” arasynda üçünji bir ýurtda duşuşyk gurnamagyň hem maslahatyny edipdir diýip, gazetde aýdylýar.

“Washington Post” gazeti aprel aýynda Erik Prinsiň (Erik Prince, “Blackwater” hususy howpsuzlyk firmasyny esaslandyryjy we Trampyň geçiş döwründäki näresmi geňeşçisi) 11-nji ýanwarda, Trampyň inaguarsiýasyndan 9 gün öň Hindi okeanyndaky Seýşel adalarynda Putiniň wekili bilen duşuşandygyny habar berdi.

Makala “Washington Postyň” we “Roýters” habar gullugynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG