Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet NATO-nyň harajatlary artdyrmak planyny ýazgarýar


Orsýetiň NATO-daky hemişelik ilçisi Aleksandr Gruşko
Orsýetiň NATO-daky hemişelik ilçisi Aleksandr Gruşko

Orsýetiň NATO-daky ilçisi ýaranlygyň harby çykdajylary artdyrmak planany ýazgaryp, bu ýagdaýda Birleşen Ştatlaryň goranyş senagatynyň esasy peýda görüji boljakdygyny, sebäbi ýewropa döwletleriniň has kän ýarag satyn aljakdygyny aýtdy.

"Eger-de ýewropalylar ABŞ-nyň talaplaryny kabul etseler hem-de öz bujetlerini 2 prosente (jemi içerki önümiň) galdyrsalar, bu olaryň umumy harby harajatlarynyň 370 milliard ýewro çemesi boljagyny aňladar. Bu ägirt uly serişde” diýip, Orsýetiň NATO-daky hemişelik ilçisi Aleksandr Gruşko 26-njy maýda “Rossiya-1” telewideniýesine aýtdy.

"Olar bu möçberdäki puluň 20 prosentini ýarag satyn almaga harçlamaga borçly ediler, bu ýylda 70 milliard ýewro çemesi pul bolýar. Onsoň, bu serişdäniň köp böleginiň amerikan ýaraglaryny satyn almaga gitjegi düşnükli” diýip, rus ilçisis aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 25-nji maýda NATO agzalarynyň goranyş hararjatlaryny deň çekmelidigi baradaky talabyny ýene bir gezek gaýtalady. Tramp we beýleki amerikan resmileri bu talaby terrora garşy göreş bilen düşündirýärler.

XS
SM
MD
LG