Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýediler topary Afrika, migrant krizisine nazar aýlaýar


Italiýanyň premýer-ministri Paolo Gentiloni britan kärdeşi Tereza Meý bilen
Italiýanyň premýer-ministri Paolo Gentiloni britan kärdeşi Tereza Meý bilen

Ýediler toparynyň (G7), dünýäniň senagat taýdan ösen ýedi ýurdunyň liderleri Sisilidäki sammitleriniň ikinji we soňky gününde afrika ýurtlarynyň döwlet baştutanlary bilen duşuşýarlar.

Efiopiýanyň, Keniýanyň, Nigeriň, Nigeriýanyň we Tunisiň liderleri 27-nji maýda, Afrika Bileleşiginiň, BMG-nyň, HWF-nyň we Bütindünýä bankynyň liderleri bilen bilelikde, Ýediler toparynyň Taormina kurort şäherinde geçýän sammitina goşuldylar.

Duşuşygyň beýemçisi, Italiýanyň premýer-ministri Paolo Gentiloni duşuşygy açyş sözünde Afrikanyň ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga innowasiýa we ösüş nukdaý nazaryndan çemeleşjekdigini belledi.

Italiýa bu sammiti Sisilide geçirmek bilen, afrikan migrantlary meselesine, Ýewropdaky gowy durmuşa ýetmek üçin janlaryny töwekgellige salyp, Ortaýer deňzinden geçýän adamlara ünsi çekmegi maksat edindi. 2014-nji ýalda şeýle migrantlaryň ýarym milliondan gowragy Italiýa geldi.

XS
SM
MD
LG