Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Güman edilýän anti-musulman hadysada iki adam öldi


Prezident Trampyň "musulamn gadaganlygyna" garşy protest bildirýän amerikanlar, Waşington, 26-njy ýanwar, 2017
Prezident Trampyň "musulamn gadaganlygyna" garşy protest bildirýän amerikanlar, Waşington, 26-njy ýanwar, 2017

ABŞ-nyň Portland şäherinde bir adam iki adamy pyçaklap öldürmekde, üçünji adamy ýaralamakda güman edilip saklandy. Pidalar onuň iki sany musulman görnüşli aýala azar bermeginiň öňüni aljak bolupdyrlar.

Jeremy Christian 26-njy maýda tussag edildi we agyr ýagdaýda iki adamy öldürmek, bir adamy ýaralamak aýyplamalarynda aýyplandy.

Bu waka, aýdylmagyna görä, Christian ýolagçy otlusyndaky iki aýaly görüp, olaradini we etniki masgaralamalar bilen gygyryp başlanda bolupdyr. Polisiýa ol aýallaryň biriniň hijaply, ýagny baş örtüli bolandygyny aýdýar.

Polisiýa öldürilenleri 53 ýaşyndaky oregonly Ricky John Best we 23 ýaşyndaky portlandly Taliesin Myrddin Namkai Meche diýip tanatdy. Best wakanyň bolan ýerinde, Meche hassahanada jan beripdir.

Bu waka musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynyň başlanmagynyň öň ýanynda boldy.

Amerikan-yslam gatnaşyklary geňeşi beýanat çap edip, Birleşen Ştatlarda 2015-nji ýyldan 2016-njy ýylda çenli aralykda musulmanlara garşy hadyslaryň 50 prosentden gowrak ýokarlanandygyny aýtdy we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy "ýokarlanyp barýan yslamofobiýa we yňdarmalygyň beýleki görnüşlerine garşy çykyp gürlemäge” çagyrdy.

XS
SM
MD
LG