Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň ýokary lideri Saud liderlerini “samsyklar” diýip atlandyrdy


Aýatolla Ali Hameneýi

Eýranyň ýokary ruhany lideri Saud Arabystanynyň liderlerini Birleşen Ştatlar bilen ýaranlyk guranlaryüçin “samsyklar” we “dereksizler” diýip atlandyrdy.

Şeýle-de ol ahyrynda olaryň alyp barýan syýasatlarynyň “belli bir gaýtgynlyga” uçrajagyny öňe sürdi.

Aýatolla Ali Hameneýi 27-nji maýda, ABŞ bilen prezident Donald Trampyň 20-nji maýdaky saparynda 110 milliard dollarlyk goranyş we ýarag şertnamasyny baglaşandan soň, saudlylary “amerikanlaryň sagylýan sygyrlary” diýip atlandyrdy.

Ýarym resmi Fars habarlar gullugy Hameneýiniň olar “yslamyň duşmanlary bilen pul arkaly dost bolaryn öýdýän samsyklar” diýendigini habar berdi.

Ol saud liderlerini ellerine musulman dünýäsiniň bir böleginiň ykbaly düşen “başarnyksyz we dereksiz tomlum” hökmünde häsiýetlendirdi.

“Olar yslamyň duşmanlary babatda ýürekdeşlik görkezýärler we edil şol wagt hem Bahreýniň we Ýemeniň musulman ilaty babatda başgaça hereket edýärler” diýip, Hemeneýi musulmanlaryň agyz bekleýän Oraza aýynyň başlanmagy sebäpli guralan dini ýygnanyşykda aýtdy diýip, onuň twitter hasabynda habar berildi.

"Olar belli bir çökgünlige uçrar” diýip, ol mähellä ýüzlenip aýtdy.

Hameneýiniň bu sözleri täzeden saýlanan prezident Hassan Rohaniniň Kataryň emiri bilen eden telefon gürrüňinde Aýlak arap ýurtlary bilen gatnaşyklary gowulandyrmaga çagyran gününe gabat geldi.

"Biz ýurtlaryň arasyndaky gatnaşykda aramlyk we rasionallyk düzgünleriniň saklanmagyny isleýäris we syýasy çözgüt ileri tutulmaly diýip hasaplaýarys” diýip, Rohani Kataryň şeýhi Emir Tamim bin Hamad al-Tanä aýtdy diýip, IRNA habar gullugy habar berdi.

"Sebitdäki krizisden çykmak üçin regionyň ýurtlary has kän hyzmatdaşlyga we konsultasiýalara mätäç we biz bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýar” diýip, Rohani emire aýtdy.

Rohani golaýda bolan prezident saýlawlarynda görnetin tapawut bilen gaýtadan saýlananda ýeňen-de bolsa, ýokary dolandyryjy hökmünde, Hamaneýi ýurduň strategik meseleleri çözülende ähli ygtyýary öz elinde saklaýar.

XS
SM
MD
LG