Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iň gowy aýdymlar näme üçin ünsden düşýär?


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

"Kämahal bir aýdym adamy durşy bilen jadylap, özüne bendi edýär. Soň ol adamyň aňynda ýaňlanyp, gaýtalanyp durýar. Emma aradan belli wagt geçensoň, hamala, ýüregiňe jüňk bolan iň gowy aýdym däl ýaly duýulmaga başlaýar".

"Independendt" gazetinde durmuş meseleleri barasynda makala ýazýan Kaşmira Ganderiň bu temadan ýazan makalasynda aýdylşyna görä "ahyrynda iň gowy aýdym hem diňläp-diňläp ahyrynda öldürýän ajaýyp aýdymlarymyzyň uzyn sanawyma goşulýar".

Eýsem beýleki tarapdan, haýsam bolsa bir aýdymyň ruhuňy gurşap almagyna sebäp bolýan ýagdaý näme? Munyň sebäbini anyk bilýän ýok. Ýöne muşdaklyk bilen baglanşykly käbir garaýyşlar bar.

Newroalymlaryň aýtmagyna görä, özüne bendi edýän aýdymy diňleýän mahalymyz beýnimiz täsir taýdan iki tapgyry başdan geçirýär.

Owaly bilen beýnimizde gurlan bir duýgy gowy aýdymyň iň ýakymly bölegini aňa "ýazyp alýar", şonda beýnidäki mukama duýgur bölek ýaňky aýdymyň böleginiň täsirinde galyp endorfinleri herekete geçirýär.

Endorfinler lezzet bilen arabaglanyşykly madda hasap edilýär. Ýöne şeýle bir ýagdaý ýüze çykýar, ýagny iň gowy aýdymy gaýta-gaýta diňlemegi dowam eden wagtymyz beýniniň endorfin hereketi hem azalmaga başlaýar.

Britaniýadaky Şeffild uniwersitetinden mukam psihologiýasynyň professory Maýkl Bonşoryň aýtmagyna görä, munuň sebäbi hut mukamyň özenidir. Onuň pikrine görä, her bir täzelik ýaly täze bir aýdym hem belli wagt geçensoň, könelýär we öz täsirini ýitirýär.

Beýleki tarapdan, ýene bir esasy täsir bolsa aýdymyň nä derejede ýakymly bolmagy bilen arabaglanyşyklydyr. Içinde köp görnüşli owazlary bolan söýgi hakdaky mukamlar adamyň beýnine has köp täsir edip, ony has güýçli gyjyndyrýar we her gezeginde beýnä gaty güýçli basyş edýär.

Alymyň pikirine görä, şeýle mukamlary wagtyň geçmegi bilen has köp halap başlaýarys we hut munyň üçinem söýgi hakdaky aýdymlar uzak wagtlap, iň gowy aýdym bolup galýar. Ýönekeý aýdymlar üçin bolsa munuň tersi bolýar.

Alym Boshner Queen tarapyndan taýýarlanan "Bohemian Rhapsody" mukamyny mysal getirmek bilen 6 minuta çekýän ol mukamda garmonik, ritmik we wokal görnüşleriniň diýseň baýdygyna üns çekýär.

Professor ol mukamyň ilkinji gezek diňlenen mahaly garaşylmadyk ýagdaýda, adamda diýseň güýçli täsir galdyrýandygyny nygtap, 40 ýyldan soňam onyň öz ýörgünliligini goraýandygyny aýdýar.

Ol mukam kyrk ýylyň dowamynda ençeme gezek toý-dabaralaryň saýlama aýdymlarynyň iň ýokarky orunlaryny eýelemegi başarypdyr. Munyň sebäbi bolsa, onuň çylşyrymly mukamynyň her gezekde düýpgöter başgaça täsir galdyrmagydyr.

Alym munyň durşy bilen tersini görkezýän aýdymlara mysal höküminde Ýewrowizon bäsleşiginde ýeňiş gazanan aýdymlara ünsi çekýär.

Ol aýdymlar ýönekeý hem gurluş taýdanam ýüzleý görnüşe eýe bolany sebäpli, gysga wagtda şan-şöhrata eýe bolup, edil şolar ýaly kän wagt geçmänkä-de ýatdan çykyp gidýär.

XS
SM
MD
LG