Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz prezidenti Putin bilen duşuşanda ‘talap ediji’ boljakdygyny aýtdy


Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin. 29-njy maý, 2017 ý.
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin. 29-njy maý, 2017 ý.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 29-njy maýda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini Parižiň etegindäki Wersal köşgünde kabul edende “talap ediji” boljakdygyny aýtdy.

7-nji maýda sesleriň aglaba köplügi bilen prezidentlige saýlanan Makron: “Orsýet bilen gepleşik zerur gerek, sebäbi olar bilen berk dialoga girmezden, çözüp bolmajak ençeme halkara meseleleri bar” diýdi.

Iki tarapyň öňünde Moskwanyň, aýdylmagyna görä, Fransiýanyň prezident saýlawlaryna garyşmagy, Siriýada barýan raýat urşunda prezident Başar al-Assady goldamagy, şeýle hem Ukrainanyň içerki işlerine garyşmagy ýaly kyn meseleler ýatyr.

Orsýetiň 2014-nji ýylda Krym ýarym adasyny bikanun özüne birikdirmegi we gündogar Ukrainada 9900-den agdyk adamyň başyna ýeten uruşda separatistleri goldamagy sebäpli Günbatar ýurtlary Moskwa garşy sanksiýa girizdiler.

Moskwada ýerleşýän “Syýasy tehnologiýalar merkeziniň” analizçisi Tatýana Stanowaýanyň Germaniýanyň “Deutsche Welle” radiosyna aýtmagyna görä, “Makron agzybir Ýewropanyň liderleriniň biri hökmünde, özüniň täze statusyny nygtamak” isleýär.

Putin bolsa Fransiýanyň öňki prezidenti François Hollande bilen bolan çekeleşikli gatnaşygy arka atyp, ýurduň 39 ýaşly lideri Makron bilen täze gatnaşyklar gurmaga synanyşar diýlip çaklanýar.

64 ýaşly Putin oktýabrda Fransiýa etjek saparyny Hollande ony diňe Siriýa barada gürleşmek üçin görmek isleýändigini aýdanyndan soňra ýatyrypdy.

Putiniň muşdagy Marine Le Peniň garşysyna alnyp barlan saýlaw kampaniýasynda, Makronyň topary Orsýetiň internet üsti bilen hüjüm edip, ýalňyş maglumatlary ýaýratmaga synanyşandygyny aýtdylar.

Le Peniň garşysyna başa-baş ýaryşdan birnäçe gün öň hem Makronyň tarapdarlary Orsýetiň harby aňtaw gullugyna ýakyn bir toparyň ogurlanan e-mailleri internetde ýerleşdirendigini aýtdy.

Moskwa bu aýyplamalary ret edýär.

Bu aralykda tanymal halkara hukuk guramasy Makrony Putinden adam hukuklary meselesini gozgamaga çagyrdy. Tankytçylar Putini başgaça pikirlenýänleri basyp ýatyrmakda we häkimiýetleriň eden-etdiligini görmezlige salmakda aýyplaýarlar.

“Human Rights Watch” guramasynyň Fransiýadaky direktory Benedikte Jeannerod 29-njy maýda: “Fransiýanyň liderine özüniň rus ýaranyna azatlyk we adam hukuklaryny berjaý etmegiň zerurdygyny aýdara mundan gowy pursat bolmaz” diýdi.

Kremliň tarapdary we rus parlamentiniň ýokarky palatasynda daşary syýasatda möhüm şahsyýet hasaplanýan Alekeý Puşkow Makronyň “pragmatik” çemeleşmegine umyt bildirdi.

Puşkow: “Putiniň saparynyň dowamynda, Makronyň hemmeler tarapyndan gürrüňi edilýän pragmatizmi synagdan geçer. Pragmatizm Orsýet bilen gowy gatnaşyklary talap edýär” diýip, ‘Twitterde’ ýazdy.

XS
SM
MD
LG