Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede gülençiler bilen ilteşigi bolmakda şübhelenilýän türkmenistanlylar gözlenýär


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Türkiýäniň Eskişehir welaýatynyň Anadolu respublikan sülçüligi tarapyndan, bir gurluşyk firmasynyň amala aşyran işlerinde kärendeçilerden "himmet" diýip atlandyrylýan haýyr-sahawat paýyny kesip, ony gülençilere berendigi güman edilýän firmanyň eýelerine garşy geçirilen derňew-agtaryş işinde 4 adam göz astyna alyndy.

Anadolu respublikan baş sülçüliginiň metbugat býurosyndan berlen beýannama görä, Guramaçylykly we maliýe jenaýatlar bölümi "Kayıhan Yapı Sanayi ve Ticaret Limited Şirketi" atly firmanyň eýeleriniň gülençi topara agzadygy, şol bir wagtyň özünde-de, ol topara pul kömegini edendigi barasyndaky maglumata görä derňew işini geçirýär.

Derňewde şol firmanyň alyp baran gurluşyk işlerinde kärendeçileriň töleglerinden "himmet" diýip atlandyrylýan haýyr-sahawat paýyny kesip, ony Fethullah Güleniň toparyna berendigi barasynda, ýerlikli maglumatlar bilen delilnamalaryň tapylandygy aýan edilýär.

Beýannamada firmanyň şäriklerinden daşary ýurda giden Türkmenistanyň raýaty bolan iki türkmen biznesmen bilen Türkiýäniň raýaty M.E.K. we A.P dagynyň hem gözlenýändigi mälim edilýär.

Sülçüligiň metbugat merkeziniň beýannamasynda, güman edilýänleriň Türkiýedäki salgylary bilen firma merkezinde nobatçy Jeza kazyýetinden alnan derňew we konfiskasiýa ygtyýarnamasy bilen gözleg-agtaryş hem barlag işleriniň geçirilendigi, ähli delilnamalaryň ýygnalandygy, şol wagtyň özünde firmanyň müdiri T.B. we hasapçy müdiri N.B. bilen firmanyň işgärleri C.Ş. we Ý.Ö. dagynyň göz astyna alnandygy habar berilýär.

Ýeri gelende bellesek, ähli synanyşyklara garamazdan, degişli taraplardan beýannamada aýan edilýän we gülençileri maliýe taýdan goldamakda aýyplanýan türkmenistanly 2 biznesmen hakynda, haýsam bolsa bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

Ýatlap geçsek, türk metbugatynda çykýan habarlarda gülençidir öýdülip tussag edilýänleriň arasynda, türkmenistanly raýatlara hem duş gelinýändigine üns çekilýär.

Aprel aýynda Kütahýa şäherinde gurnalan bir operasiýada, Türkiýede gülençileriň özara aragatnaşyk üçin ulanýan "ByLock" atly gizlin habar alyş ulgamyny ulanýandygy kesgitlenen, Dumlupynar uniwersitetinde okaýan Türkmenistanyň raýaty S.B. atly bir türkmen studenti hem göz astyna alnypdy. Dekabr aýynda geçirilen bir operasiýada bolsa gülençileriň uniwersitetde studentleriň arasynda agitasiýa işlerini alyp barýan "tagallaçysy" bolmakda aýyplanýan bir türkmenistanly talyp tussag edilipdi.

XS
SM
MD
LG