Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan daşary ýurt diplomlaryny tassyklamagyň täze düzgünini kesgitledi


Türkmenistanyň ýokary bilim hakyndaky diplomy

Türkmenistan daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünärmentlik okuw jaýlarynyň diplomlaryny ykrar etmek boýunça täze tertibini kesgitledi diýip, ýurduň döwlet mediasy 28-nji maýda habar berdi.

Resmi maglumata görä, ýurduň Bilim ministrligine prezident Berdimuhamedowyň gol çeken karary bilen kesgitlenen tertibe laýyklykda, daşary ýurtly okuw jaýlarynyň diplomlaryny ykrar etmek tabşyrylypdyr. Agzalan düzgüniň jikme-jikleri anyklaşdyrylmady.

Martyň aýagynda Türkmenistanyň prezidenti daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda gaýybana bilim alýan ýurt raýatlarynyň diplomlaryny tassyklamak boýunça işleri aktiwleşdirmegi tabşyrypdy. Bu barada wideo şekilli iş maslahatynda ýurduň bilim ministri Pürli Agamyradowa tabşyryk berlendigi TDH döwlet habar agentliginiň maglumatynda aýdyldy.

“Ýurduň bilim pudagy döwrüň talabyna görä kämilleşmeli” diýlip, maglumatda prezident G. Berdymuhamedowyň sözünden sitata getirýär.

Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünärmentlik okuw jaýlarynyň diplomlaryny ykrar etmek boýunça kesgitlenen täze tertipde gaýybana bilim alan türkmenistanlylaryň diplomlarynyň tassyklanmagynyň göz öňünde tutulyp-tutulmaýandygy barada habar berilmeýär.

Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda gaýybana okanlaryň diplomlarynyň kabul edilmejegi 2014-nji ýylyň başynda mälim edilipdi. Ýöne şol ýylyň aprel aýynda Türkmenistan daşary ýurtlaryň okuw jaýlarynyň ähli diplomatlarynyň kabul edilmegini doly ýatyrypdy.

Şondan bäri Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň gündizki bölümlerinde okanlaryň diplomlarynyň ykrar edilmegi ençeme gezek togtadylyp, soň ýene dowam etdirilipdi.

Soňky gezek daşary ýurtly diplomlaryň ykrar edilmeginiň düzgüni 2015-nji ýylyň fewral aýynda kesgitlenipdi, şonda prezidentiň karary bilen kesgitlenen düzgünnamada, daşary ýurt okuw jaýlarynyň diňe gündizki bölümlerinde okanlaryň diplomlarynyň ykrar ediljekdigi aýdylypdy.

Mundan öň Türkmenistan öz raýatlarynyň daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okap alan diplomlaryny ykrar etmezlik planlaryny 2011-nji ýylyň maý aýynda hem yglan edipdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG