Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen halyçylary nädip "öwülýän we bogulýan" senetçiler boldy?


Aşgabat, dükanda baslygyp ýatan halylar
Aşgabat, dükanda baslygyp ýatan halylar

Türkmenistan maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Haly baýramyny belledi, 16 sany halyça halyçylyk sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin hormatly at dakyldy.

Emma prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Haly baýramyna gabat çap edilen gutlagynda halyçylar we olaryň senedi barada aýdylan mähirli sözlere garamazdan, ýurt içinden gelýän habarlarda şeýle gözel halylary dünýä beren milletde öz haly senedine bolan yhlasyň azalýandygy aýdylýar.

Munuň sebäbi ýurt içinde haly dokamak üçin çekilen zähmete tölenýän hakyň pes bolmagy, daşary ýurytlara çykaryljak halylaryň öňünde emeli kynçylyklaryň döredilmegi bilen dşündirilýär.

Adynyň efirde aýdylmazlygyny soran ýerli synçy türkmen halyçy gelin-gyzlarynyň soňky "on ýylda hökümet tarapyndan iň öwülýän we bogulýan senetçiler bolandygyny" aýtdy.

Azatlyk radiosy bu mesele barada aşgabtly žurnalist, häzir Pragada ýören Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.

Türkmen halyçylary nädip "öwülýän we bogulýan" senetçiler boldy?
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:01 0:00

XS
SM
MD
LG