31-nji maýda Owganystanyň paýtagty Kabulda bolan güýçli partlamada azyndan 80 adam wepat boldy we 350-den gowrak adam ýaralandy, diýip ýurduň Saglyk ministrligi habar berdi.
Içeri işler ministrligi Kabulyň ýaşaýjylaryny gan tabşyrmaga çagyrdy. Polisiýanyň aýtmagyna görä, prezidentiň köşgüniň we daşary ýurt ilçihanalarynyň golaýynda bolan güýçli partlama irki sagatlarda köçelerde adamyň köp bolan wagtynda emele gelipdi.
Kabulyň polisiýasynyň metbugat wekili Basir Mujahid partlamanyň Germaniýanyň ilçihanasynyň goragly girelgesiniň golaýynda bolandygyny habar berdi.
“Germaniýanyň ilçihanasynyň golaýynda awtoulagda goýlan bombady, emma ol ýerde ençeme möhüm binalar we edaralar hem bardy. Esasy nyşanyň nämedigini takyk aýtmak kyn” diýip Mujahid aýtdy.
Howpsuzlyk çeşmeleri Germaniýanyň Kabuldaky ilçihanasynyň işgärleriniň heläk bolandygynyň ýa-da ýaralanandygynyň mälim däldigini aýtdylar.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?