Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin we Tramp Orsýetiň ABŞ-nyň saýlawlaryna goşulyşmagy baradaky pikirler üçin demokratlary ýazgardylar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (ç)
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (ç)

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp geçen ýylda ABŞ-da geçirilen prezidentlik saýlawlaryna Orsýetiň goşulyşandygy hakyndaky pikirleri ret etdiler we olary demokratlaryň öz ýeňilişini düşündirmek üçin “oýlap tapan” “galp habarlar” diýip atlandyrdylar.

Fransiýanyň “Le Figaro” neşrine beren interwýusynda Putin ABŞ-nyň Demokratik partiýasynyň elektron poçtasyna geçen ýylda edilen we partiýanyň dalaşgäri Hillary Klintona zyýan ýetiren hüjümlere Orsýetiň gatnaşygyny ýene ret etdi.

Putin şeýle pikirleriň peýda bolmagynyň “ABŞ-nyň saýlawlarynda ýeňilenleriň öz ýagdaýyny gowulandyrmak islegleri” bilen ilteşiklidigini aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda Donald Tramp Orsýetiň resmileri “ABŞ-nyň üstünden gülýändir, demokratlaryň saýlawlardaky ýeňilişiniň galp habarlar esasyndaky gowşak delilleriniň üstünden” diýip, Twitterde ýazdy.

XS
SM
MD
LG