Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbilisi: Azerbaýjanly žurnalistiň ogurlanmagyna protest bildirildi


Protestçiler azerbaýjanly derňeýji žurnalist Afgan Muhtarliniň güman edilýän ogurlanmagyna we zor bilen Baku ugradylmagyna garşylyk bildirdiler,Tbilisi, 31-nji maý, 2017.
Protestçiler azerbaýjanly derňeýji žurnalist Afgan Muhtarliniň güman edilýän ogurlanmagyna we zor bilen Baku ugradylmagyna garşylyk bildirdiler,Tbilisi, 31-nji maý, 2017.

31-nji maýda onlarça adam Gürjüstanyň paýtagtynda demonstrasiýa geçirip, azerbaýjanly derňeýji žurnalist Afgan Muhtarliniň güman edilýän ogurlanmagyna we zor bilen Baku ugradylmagyna protest bildirdiler.

Protestçiler gürji we iňlis dillerinde ýazylan “Afgan Muhtarlä azatlyk!” diýen şygarlary göterip çykdylar, şeýle-de özüni demokratiýa we Ýewropanyň gymmatlyklaryna hormat goýýandygyny aýdýan Gürjüstanyň hökümetini çäre görmäge çagyrdy.

Muhtarli Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň korrupsiýa baş goşmagyny güman edip, geçiren žurnalistika derňewlerinden soň öz howpsuzlygy sebäpli aýaly bilen bilelikde 2015-nji ýylda Gürjüstana gaçyp barypdy.

Muhtarli 29-njy maýda ýitirim boldy. Onuň aklawçysy Elçin Sadykow öz müşderisiniň gürji dilinde gepleýän graždan eşikli adamlar tarapyndan Tbiliside tutulandygyny we maşyna salnyp, urlandygyny 30-njy maýda AÝ/AR-na aýtdy.

Olar Muhtarlini Azerbaýjanyň serhedinden geçirýänçä iki gezek ulag çalyşdylar, diýip aklawçy Sadykow aýtdy. Ol Muhtarliniň özüne gürrüň berendigini aýdyp, žurnalistiň serhetden geçirilmeginden soň jübüsine 10 müň ýewro möçberde puluň oklanandygyny we munuň Azerbaýjanyň polisiýasynyň iş gozgap bilmegi üçin edilendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG