Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň gerimini güýçlendirýär


Türkmen häkimiýetleri V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günden gowrak wagt galanda, Aşgabatda bu çärä görülýän taýýarlyklara ünsi artdyrdy.

31-nji maýda Türkmenistanyň döwlet mediasynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtdaky olimpiýa şäherçesine aýlanyp, bu ýerdäki desgalaryň, şol sanda Olimpiýa stadionynyň abadanlaşdyryş işleri we “Aziada-2017” sport ýaryşyny guramalaşdyrmak işlerine gatnaşýan işgärleriň birmeňzeş egin-eşikleriniň nusgalary bilen tanyşandygy habar berildi.

Soňky döwürde Türkmenistan sentýabryň 17-nde başlanjak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna we bu çäräniň başlanmagyna 100 gün galmagy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyklaryň gerimini has-da güýçlendirdi.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan käbir aşgabatly mugallymlar özleriniň agzalýan çärelere tomusky zähmet dynç alşynda hem gatnaşmaga borçly edilendiklerini aýtdylar. Şeýle-de, olar käbir okuwçylaryň we studentleriň bolsa, mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda gutardyş ekzamenlerine däl-de, Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 gün galmagy mynasybetli geçiriljek dabara gatnaşmaga borçly edilendigini bellediler.

Mundanam başga, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň geçen anna güni geçirilen mejlisinde, ýurtda tomsuň jokrama yssy günleri, ýagny iýun-awgust aýlary aralygynda geçiriljek dabaraly çäreler barada habar berildi. Maglumatdan çen tutulsa, üç aýyň dowamynda tutuş ýurtda ýüzlerçe çäre geçiriler.

Resmi mediada “Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi döwletimiziň sport we halkara durmuşyndaky iri merkez hökmündäki abraýyny alamatlandyrýar” diýilýär.

Emma habarda bu sport çäresiniň döwlet býujetine näçä düşýändigi, olaryň näçe adamyň iş, okuw we dynç alyş wagtyny aljakdygy aýdylmaýar. Şeýle-de, işgärleriň, okuwçylaryň we studentleriň ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çärelere mejbury gatnaşdyrylýandygy barada-da kelam söz gozgalmaýar.

Türkmenistan ýurtda soňky 25 ýylyň dowamynda geçiriljek iň uly sport çäresine ýokary derejede taýýarlyk görýän mahaly, dünýäniň käbir döwletleri we sport assosiasiýalary öz türgenleriniň bu sport ýaryşyna gatnaşmajakdygyny yglan etdiler.

25-nji maýda Günorta Koreýanyň elektron sport assosiasiýasy (KeSPA) Aziýa oýunlaryna gatnaşmakdan ýüz öwürmeginiň sebäplerini “Elektron sportlarynyň geçirilmegi üçin ägirt uly sport çärelerinde bolşy ýaly umumy proseduralaryň ýoklugy” bilen düşündirdi.

Günorta Koreýanyň Olimpiýa komitetiniň jogapkär wekili Hwang Isak 31-nji maýda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, Aşgabatdaky ýaryşlara KeSPA-nyň türgenleriniň gatnaşmajakdygyny, ýöne beýleki ugurlar boýunça 100 çemesi sportsmeniň ugradyljakdygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy Günorta Koreýanyň wekiline adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalarynyň birnäçesiniň Aziýa oýunlaryna gatnaşjak ýurtlara Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça türkmen häkimiýetlerine basyş etmegi çagyrmak barada eden çagyryşyny ýatladanda, ol bu barada kommentariý bermekden saklanyp, şu ýylyň aprel aýynda Aşgabada baranda, olimpiýa şäherçesiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy.

Mundan öň, has takygy şu ýylyň başynda Awstraliýanyň Milli olimpiýa komitetiniň hem Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna öz türgenlerini ugratmajakdygy barada habar berildi. Şonda Awstraliýanyň Milli olimpiýa komitetiniň metbugat işleri boýunça jogapkär wekili Metýu Bartol munuň sebäplerini Awstraliýanyň türgenleriniň aglabasynyň öz gün tertibini 2018-nji ýyla görä planlaşdyrandygy bilen düşündirdi.

17-27-nji sentýabrda geçiriljek Aziýa oýunlaryna 62 ýurtdan, 5 müňden köp türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu waka göwrümi taýdan, Aziýada gurnalýan ikinji iň uly çäre hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG