Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin “watançy” hakerler Orsýetiň tankytçylaryny nyşana alyp bilýär diýdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Sankt Peterburg, 1-nji iýun, 2017.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Sankt Peterburg, 1-nji iýun, 2017.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin orsýetli kiber hüjümçileriň öz ýurduny tankyt edýänleri “watançylyk” duýgulary sebäpli nyşana alyp bilýängini aýtdy, emma şeýle kiber hüjümlere hökümetiň gatnaşygyny ret etdi.

Putiniň 1-nji iýunda Sankt Peterburgda hakara täzelikler agentlikleriniň baş redaktorlary bilen geçiren duşuşygynda aýdan bu sözleri ABŞ-nyň aňtaw agentlikleriniň ýurduň geçen ýylky prezidentlik saýlawlaryna täsir ýetirmek maksatly kiber hüjümleriň Kremliň görkezmesi bilen geçirilendigini öňe sürmeginiň daşyndaky diskussiýalaryň dowam edýän wagtyna gabat geldi.

ABŞ-nyň aňtaw resmileri Putini kiber hüjümler we propaganda arklay 8-nji noýabrda prezidentlik saýlawlarynda ýeňilen ABŞ-nyň demokratik partiýasynyň dalaşgäri Hillary Klintona zyýan ýetirmek üçin “täsir ýetiriji kampaniýany” gurnamaga görkezme bermekde aýyplaýarlar.

Kreml şeýle aýyplamalary yzgiderli ret edip gelýär.

XS
SM
MD
LG