Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Raýatlar öz bank hasaplaryndaky puluny alyp bilmeýär


Illýustrasiýa

Aşgabadyň azyndan dört bankynyň şahamçalarynda daşary ýurt walýutasynda bank hasaby bolan adamlaryň indi 10 gün bäri öz puluny alyp bilmeýändigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Daşary ýurt iş bankynyň, Senagat bankynyň, Halk bankynyň we Türkmenbaşy bankynyň paýtagtdaky şahamçalarynda her gün azyndan 50-60 adam özüniň daşary ýurtlardan ugradylan aýlyklaryny almak üçin nobata dursa-da, ony alyp bilmän yzyna boş gaýdýarlar.

“Biz, ýagny men we meniň 100-den gowrak kärdeşim bank hasaplarymyza ugradylan daşary ýurt walýutasyndaky aýlyklarymyzy almak üçin, 10 gün bäri öňki Garagum – häzirki Senagat bankynyň şahamçasyna gatnaýarys. Ýöne bize ‘şahamçamyza pul ugradylanok. Haçan ugradyljakdygyny bizem bilemizok. Pul ugradyljak bolsa, bize jaň edilmeli. Ýöne bize jaň gelenok. Ertir geliň’ diýýärler. Ertesi gün gelseň, ýene şol bir jogaby berýärler” diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran Aşgabadyň Puşkin adyndaky mekdebiniň bir mugallymy aýtdy.

Bank müşderileriniň käbirleri bu ýagdaýyň beýleki banklaryň şahamçalarynda-da gaýtalanýandygyny, Türkmenistan bankynyň Parahat 4 etrapçasyndaky ýa-da Halk bankynyň Zelili köçesiniň ugrundaky bölümlerine-de indi azyndan bir hepde bäri daşary ýurt walýutasynyň ugradylmaýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň banklarynda ýa-da olaryň şahamçalarynda bank hasaplary bolan adamlar özlerine daşary ýurt walýutasynda gelen puly diňe öz bank hasabyny açdyran şahamçasyndan alyp bilýärler. Bu ýagdaýyň bank müşderileriniň beýleki şahamçalara ýüzlenmegini çäklendirip, işini has-da kynlaşdyrýandygy aýdylýar.

Şeýle-de ýatladyp geçsek, Türkmenistanda geçen ýyl girizilen çäklendirmelerden soň, ýurtda ýaşaýan raýatlar diňe daşary ýurtlaryň döwlet edaralary tarapyndan ugradylan puly daşary ýurt walýutasynda alyp bilýärler.

Daşary ýurtda ýaşaýan türkmenistanlynyň ýurtdaky öz dogan-garyndaşynyň bank hasabyna ugradan daşary ýurt walýutasyny ýurduň içindäki raýatlar, döwlet tarapyndan kesgitlenen kurs esasynda, diňe manatda alyp bilýär.

Häzirki wagt raýatlaryň daşary ýurt bank hasaplaryna ugradylan puluň berilmezligi barada bank resmileri ilat köpçüligine resmi düşündiriş ýa-da maglumat bermeýärler. Bu mesele dogrusynda Azatlyk Radiosy gürrüňi edilýän banklaryň merkezi edaralary bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariý almak hem başartmady.

Emma Senagat bankynyň bir şahamçasynyň jogapkär resmisi adynyň efirde agzalmazlygyny sorap, muny ýurtda daşary ýurt walýuta gorunyň barha azalýandygy bilen düşündirdi.

Bu maglumaty türkmen häkimiýetlerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmasa-da, bu waka ýurtda nagt pul dolanyşygynyň barha azalýandygy baradaky maglumatlaryň peýda bolan mahalyna gabat geldi.

Muňa bolsa, ýurtdaky işsizlik we beýleki meseleler bilen bir hatarda, döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň ençemesine, şol sanda mugallymlara, saglyk we nebit-gaz pudagynyň işgärlerine zähmet haklarynyň indi iki aý bäri berilmezliginiň sebäp bolýandygy aýdylýar.

Halkara ekspertleriniň we ýerli synçylaryň ençemesi häzirki wagt Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdyp, munuň emele gelmegine dünýäde energiýa bahalarynyň aşaklamagynyň itergi berendigini belleýärler.

Türkmenistan bu ykdysady kynçylyklaryň fonunda, şu ýylyň sentýabr aýynda, Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna gabatlap, ýörite olimpiýa şäherçesini we dünýäniň iň gymmatbaha aeroportlarynyň birini gurdy. Türkmenistan bu gurluşyklar üçin 8 milliard amerikan dollaryna golaý maliýe serişdesini harçlady.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri tarapyndan banklaryň şahamçalarynda daşary ýurt walýutasynyň ýetmezçilik etmegi we onuň sebäpleri hem-de bu ýerde emele gelen nobatlar barada henize çenli ilat köpçüligine düşündiriş ýa-da maglumat berilmedi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG