Sepleriň elýeterliligi

“Türkmenistanda nagt pul ýok, ilat karza batdy”


Illýustrasiýa

Türkmenistanda nagt puluň ýetmezçilik edýändigini, munuň netijesinde ýaşaýjylaryň dürli kynçylyklary başdan geçirýändigini Azatlyk Radiosynyň käbir okyjylary habar berýärler.

Adynyň efirde agzalmazlygyny soran okyjymyz özüniň 30-njy maýda ugradan hatynda “kreditiň ýokdugyny, dollaryň gara bazardaky nyrhynyň 6 manada çenli aşaklandygyny, munuň bolsa ýurtda manadyň ýetmezçilik etmegi bilen baglanyşyklydygyny” ýazýar.

“Hiç kim dollar satyn alyp bilenok. Regionlara örän az haryt getirýärler. Olaram örän arzan we pes hilli harytlardyr. Aşgabadyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda-da o diýen haryt dürlüligi ýok. Kiçi söwdagärler öz biznesini ýatyrmaga mejbur bolýarlar” diýip, okyjymyz belleýär.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri hem tassyklap, bu ýagdaýyň birnäçe pudakda duýulýandygyny aýdýarlar.

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, esasan-da, garyp we orta gatlaga degişli adamlaryň ellerinde nagt puluň ýoklugy sebäpli, öz tanyş-bilişleriniň ýa-da ýaşaýan ýeriniň golaýyndaky hususy kommersiýa dükanlaryndan azyk harytlaryny ýörite žurnala ýazdyryp, karzyna alýarlar.

“Ýaşaýjylar ‘bize aýlyk-günlügimizi alýançak, nagt puluň hasabyna şunçarak zady ýazyp beriň’ diýýärler. Bu iň bir ýörgünli, göze ilginç ýagdaý. Ýene bir ýagdaý, soňky wagtlarda ‘gara banklar’ kemala geldi. Adamlar özlerinde nagt puluň ýoklugy, aýlyk-günlügiň wagtynda berilmeýändigi we juda horlanýandyklary üçin pully adamlardan, barjamlylardan üstüne göterim, prosent goýup, alty aý, 1 ýyl möhleti bilen puly karzyna alýarlar” diýip, Bugaýew aýdýar.

Mundanam başga, ýurtda döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň, hususan-da, mugallymlaryň we medisina işgärleriniň ençemesi indi azyndan iki aý bäri öz zähmet haklaryny alyp bilmeýär. Mundan öň bolsa döwlet edara-kärhanalarynyň ençemesinde işgärleriň sanynyň kemeldilendigi habar berlipdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdelerinde ýurtda nagt puluň ýetmezçiligi we onuň sebäpleri, munuň bilen baglanyşykly ilatyň başdan geçirýän kynçylyklary barada, ilat köpçüligine maglumat berilmeýär.

Emma halkara ekspertleriniň we ýerli synçylaryň ençemesi bu ýagdaýyň sebäplerini dünýäde energiýa bahalarynyň pese gaçmagy we ýurtda alnyp barylýan uly göwrümli gurluşyklaryň netijesinde, Türkmenistanyň garaşsyz ýurt bolaly bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirmegi bilen düşündirýärler.

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew ýurtda ykdysady krizisi boýun alyp, şondan başgaçarak çykalga gözlemegiň deregine, munuň üstüniň basdyr-ýussur edilýändigini aýdýar.

“Türkmenistanda häzir milliardlarça dollara durýan gurluşyklar alnyp barylýar. Soňky döwlet hasabatynda tas 50 milliard dollarlyk gurluşygyň alnyp barylýandygy aýdylýar. ‘Ýöne ýurtda öňdenem işsizlik bar, ýöne işleýänlerem aýlygyny alyp bilmese, onda ol gurluşyklar nämä gerek? Olar köpüsi gerekmejek köşk, eýwanlar. Indi bular bizden, adam nyrhyndan gymmat boldumy?’ diýip, adamlar biri-birine nägilelik bilen sorag berýärler” diýip, Bugaýew aýtdy.

Aşgabatda Aziýa oýunlary üçin eýýäm 8 milliarda golaý dollar, şol sanda olimpiýa şäherçesine 5 milliard dollardan gowrak serişde, täze halkara aeroporta bolsa 2,3 milliard dollar harçlandy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG