Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen telekeçileriniň dollar konwertasiýasy ýene çäklendirildi


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

29-njy maýdan başlap Türkmenistanyň banklary telekeçileriň türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna konwertasiýa edýän pul serişdesiniň möçberini ýene aşaklatdy diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýazýar.

Neşiriň 1-nji iýunda çap eden maglumatyna görä, mundan öň ýurduň banklaryndan türkmen telekeçileri daşary ýurt kärhanasy bilen baglaşan şertnamasyndaky umumy pul serişdesiniň 3%-ni konwertasiýa edip bilen bolsa, häzir bu mukdar 1,4 – 2 prosent edildi.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň haýsysy üçin näçe prosent möçberdäki manady daşary ýurt walýutasyna konwertasiýa edip bolýandygyny banklaryň özi kesgitleýär diýlip, habarda bellenilýär.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri hem tassyklap, telekeçileriň türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna konwertasiýa etmek düzgünlerine çäklendirmeleri girizmegiň dowam edýändigini aýtdy.

“Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Döwlet haryt-çig mal biržasy konwertasiýa etmek ýeňilliklerini ýörite firmalara gönükdirýär. Mysal üçin, öňki Gaža sebitinde alnyp barylýan gurluşyklara import edilýän harytlar üçin çäklendirme ýokdy. Şonda gurluşyk firmalary has köp türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna konwertasiýa etmek, ýagny çalyşmak üçin import edilýän harytlaryň bahasyny bilgeşleýin gymmat edip görkezdiler. Bu ýagdaý döwlet gulluklary tarapyndan anyklanansoň, gurluşyk harytlarynyň döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhy paýlandy we olaryň görkezilen nyrhdan ýokary bolmaly däldigi aýdyldy” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Ol häzirki ýagdaýyň döwlet buýurmalary bilen işleşýän uly telekeçiler üçin ýaman däldigini, emma munuň orta we kiçi telekeçilere örän ýaramaz täsir ýetirýändigini sözüniň üstüne goşdy. “Olar özleri üçin ýagdaýy gowulandyrmak islese, onda kiçi bolmadyk möçberde parany bermeli bolýarlar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi belleýär.

Türkmen telekeçilerine girizilen bu täze çäklendirmeler dogrusynda türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri henize çenli haýsydyr bir kommentariý bilen çykyş etmediler. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankyndan hem haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Ýöne bu maglumatlar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleriniň telekeçileri öz şertnamalaryny Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasaba aldyrmaga mejbur edýändigi barada habarlaryň peýda bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

“Birža hasaba alyş hyzmatlary üçin, daşary ýurtly satyjydan walýutada, türkmenistanly alyjydan bolsa manatda töleg alýar. Daşary ýurtlular birža ýygymlaryny tölemänsoň, olaryň walýutada tölemeli tölegini hem hususy telekeçileriň özleri tölemeli bolýarlar” diýip, Azatlygyň çeşmesi habar beripdi.

Türkmenistanda 2016-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap, amerikan dollarynyň nagt satuwy doly ýatyrylyp, şondan soň onuň söwdasyna-da ençeme çäklendirmeler girizildi. Munuň netijesinde, ýurtda resmi taýdan 1 dollar 3,50 manat möçberinde saklanyp galýan mahaly, onuň gara bazardaky nyrhy 7 manada çenli ýokarlandy. Bu bolsa, biznesi daşary ýurt walýutasyna bagly bolan telekeçilere ýaramaz täsir ýetirdi.

Mundanam başga, telekeçileriň walýuta operasiýalaryna, şol sanda pul birlikleriniň awtomatiki konwertasiýasyna ençeme tapgyr çäklendirme girizildi. Şeýle-de, hususy firmalaryň ençemesi Aziýa oýunlaryny guramalaşdyrmak üçin, “meýletin goşant” etmäge mejbur edildi.

Geçen ýylyň ortalaryna Türkmenistanyň banklarynda döwlete dahylsyz kärhanalaryň ofşor zonalardaky şertnamalary boýunça, türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna konwertasiýa etmek düzgüni hem doly ýatyryldy. Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň jogapkär resmisi bu barada ýurduň Merkezi bankynyň adyndan, 21-nji iýunda ýurduň ähli degişli banklaryna ýörite görkezmeli hatyň ýollanandygyny habar berdi.

Fewral aýynda türkmen mediasy geçen ýyl Türkmenistanda önümçiligiň batly depginde ösmegi ýurduň importa bolan garaşlylygyny pese gaçyryp, eksportyň göwrümini artdyrdy diýdi. Emma käbir ýerli synçylar we telekeçiler ýurtda importyň pese gaçmagyna dollaryň söwdasyna we telekeçilere girizilen çäklendirmeleriň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG