Sepleriň elýeterliligi

Birža 'wizasy' telekeçileriň we ýönekeý halkyň 'ýüküni agraldar'


Türkmen bazary

Azatlygyň ýurt içindäki çeşmesi 25-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleriniň telekeçileri öz şertnamalaryny Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasaba aldyrmaga mejbur edýändigini habar berdi. Synçylar bu täzeligiň telekeçileriň getirýän harytlarynyň gymmatyny artdyrjagyny we ahyr netijede ýönekeý adamlaryň maşgala býujetine agram saljagyny aýdýarlar.

Birža hasaba alyş hyzmatlary üçin daşary ýurtly satyjydan walýutada, türkmenistanly alyjydan bolsa manatda töleg alýar. Daşary ýurtlular birža ýygymlaryny tölemänsoň, olaryň walýutada tölemeli tölegini hem hususy telekeçileriň özleri tölemeli bolýarlar” diýip, çeşmäniň hatynda aýdylýar.

Telekeçiler üçin bildirişiň göçürmesi
Telekeçiler üçin bildirişiň göçürmesi

Türkmenistanda ýerli bazarlar soňky 25 ýylda ilatyň esasy sarp edýän azyk we senagat önümleri bilen köplenç daşary ýurtlardan getirilýän harytlar esasynda doldurylýar we täze talabyň banklardan walýuta almak mümkinçiligi çäklendirilen telekeçileriň işini has-da kynlaşdyrjagy aýdylýar.

Azatlygyň çeşmesi telekeçileriň bu çäräni bikanun hasaplaýandygyny aýtmak bilen, gümrükçileriň “şu hili bikanun talap bilen eleme-deşik bolan döwlet býujetini doldurmak isleýändiklerini öňe sürýär.

Bu habar “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýektiniň saýtynda hem peýda boldy. Türkmenistana daşary ýurtlardan haryt getirýän telekeçileriň we firmalaryň 1-nji iýundan başlap, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň möhri bolmazdan, harytlaryny gümrük barlagyndan geçirip bilmezler diýip, TAH-yň habarynda aýdylýar.

Import edilýän harytlar üçin biržadan rugsat almak düzgüni hökümetiň birinji kwartalyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Amandurdy Işanowa berk käýinç we soňky duýduryş berilmeginiň yz ýanlaryna gabat geldi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şonda biržanyň işiniň netijeliliginiň pesdigini, birža proseduralary resmileşdirilende býrokratiki päsgelçiliklere ýol berilýändigini aýdypdy. Bellemeli ýeri, prezident öz sözünde ýurda getirilýän harytlar barada söz açman, eýsem eksport edilýän harytlaryň, walýuta girdejileriniň möçberiniň azlygyndan nägile bolupdy. Görnüşinden, birža ýolbaşçylary walýuta girdejilerini telekeçileriň we ýurduň ýönekeý halkynyň hasabyna köpeltmekden başga çäre tapmandyrlar.

TAH daşary ýurtdan getirilýän haryt üçin biržadan ‘wiza’ almagyň täzelik däldigini, bu talabyň ozal hem bolandygyny, emma 2008-nji ýylda, walýutanyň bazar kursy bilen resmi kursunyň deňleşdirilmegi, energiýa söwdasyndan gelýän girdejiniň ýeterlik bolmagy bilen, telekeçileriň we firmalaryň biržadan rugsat almak talabynyň ýatyrylandygyny belleýär.

Emma Azatlyk bilen söhbetdeş bolan öňki telekeçi, adynyň efirde aýdylmazlyk şerti bilen, 1992-nji ýyldan 2002-nji ýyla çenli aralykda Eýrandan we beýleki ýerlerden ýurda haryt getirendigini, şol wagt beýle talabyň asla bolmandygyny, gümrükçileriň hatda patent hem soramandyklaryny gürrüň berdi. Şeýle-de ol öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň gümrükçilere “iki sany torbaly aýaly kowalap ýörmäň” diýip, telewizoryň ekranyndan buýruk berendigini ýatlatdy.

Aýdylmagyna görä, bu karar ykdysady krizis ýagdaýynda ýurtdan çykarylýan walýutanyň möçberini azaltmak we import harytlarynyň satyn alyş nyrhlaryna kontrollyk etmek maksady bilen kabul edilipdir. Şeýle-de ol tutuş ýurt möçberinde korrupsiýa we parahorluga garşy yglan edilen göreşiň yz ýanyna gabat geldi. Emme telekeçiler bu çäräniň ýurda haryt getirýänleriň çykdajylaryny köpeltmek bilen bir hatarda korrupsiýa we parahorluk üçinem goşmaça mümkinçilik döretjekdigini aýdýarlar.

Ýerli synçylaryň we ykdysatçylaryň pikirine görä, önüm öndürijileriň we daşardan haryt getirýän telekeçileriň kanuny we kanundan daşary tölegleriniň artdyrylmagy ahyr netijede bazardaky nyrhlaryň ýokarlanmagyna, ýönekeý adamlaryň güzeranyna ýaramaz täsir ýetirýär.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Hudaýberdi Orazowyň pikirine görä bolsa, hökümetiň bu karary telekeçileriň üsti bilen ýönekeý raýatlaryň jübüsine el urmakdan başga hiç zat däl.

Ykdysatçy bu meselede halkara düzgünlerinden ugur alynsa we getirilýän harytlar telekeçä näçe arzan düşer ýaly edilse, ýurduň ýönekeý ilatyna şonça kän kömek boljagyny aýdýar.

Türkmen hökümeti mundan öň manadyň banklarda daşary ýurt walýutalaryna çalşylmagyna berk çäklendirme girizmek bilen kiçi we orta telekeçilige agyr zarba urdy we bu ýagdaý ýurtda dollaryň “gara bazarynyň” döremegine, bazardaky harytlaryň düýpli gymmatlamagyna alyp geldi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda gürrüňi edilýän täze karar barada berlen habar ýa düşündiriş göze ilmedi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG