Sepleriň elýeterliligi

'Nebit 25 dollara arzanlar we dünýä jennete öwrüler'


CNBC telekanalynyň internet sahypasynda makala ýazan Oriel Morrison geljek onýyllykda "global deňagramlylygyň kadasynyň we güýçler deňagramlylygynyň" üýtgejekdigini öňe sürýär.

Garaşsyz "RethinkX" atly barlag merkezi bolsa, şeýle öwrülişige öz-özüni dolandyrýan awtoulaglaryň sebäp boljakdygyny nygtaýar.

Merkeziň gurujylaryndan Stanford uniwersitetiniň ykdysadyýet professory Tony Seba öz-özüni dolandyrýan awtoulaglaryň köpelmegi bilen nebite bolan talabyň gaty azaljakdygyny we bir barreliň bahasynyň 25 dollara çenli arzanlamagyndan soňra, nebiti eksport edýän ýurtlaryň häzirki syýasy hem maliýe güýjüniň bolmajagyny belleýär.

Teslanyň Hytaýda satýan elektrikli awtoulaglary
Teslanyň Hytaýda satýan elektrikli awtoulaglary

Sebanyň aýtmagyna görä, nebite bolan talap 2020-nji we 2021-nji ýyllara çenli iň ýokary baha baryp ýeter. Ondan soň bolsa şonça ýylyň dowamynda talap 100 million barrelden 70 million barrele çenli pese gaçar. Şeýlelik-de, nebitiň "täze adaty bahasy" her barrel üçin 25 dollar bolar. Şeýle baha bolanda, bäsleşigiň manysy galmaýar.

Nebiti suwuň gaty çuň ýerlerinden, çöllükden, gaýalardan hupbatly ýagdaýda çykarmaly bolar. Şeýle ýagdaýda nebiti gaýtadan işleýän desgalaryň we nebit geçirijileriniň hem o diýen bir ähmiýeti galmaýar.

Seba şeýle diýýär: "Bu biziň awtoulag sürmegi goýbolsun etjegimizi aňlatmaýar. Sebäbi ol döwürde eýýäm öz-özüni dolandyrýan elektrikli awtoulaglar agdyklyk eder. Şonda elektrikli awtoulaglaryň bahalary hem diýseň arzanlar".

Bilermeniň pikrine görä, robot awtoulaglary saklamak adaty ýagdaýdan 10 esse arzan düşer. Ýollardaky awtoulaglaryň sany hem azalar. Çünki olary ulanmak o diýen amatly bolmaz. 8 ýyldan soň dünýäniň hiç bir ýurdunda benzin ýa-da dizel ýagy bilen işleýän awtoulaglary satany tapmak mümkin bolmaz.

Adam faktory, has dogrusy adamyň şahsy hatasy bolmajagy üçin, kepillik güwänamasynyň bahasy hem arzanlar.

Öz-özüni dolandyrýan elektrikli awtoulaglaryň ýaýbaňlanmagy täze abadanlaşdyryş ulgamy, täze iş ýerleri we şol sanda täze maýagoýumlar diýmekdir.

Bilermeniň nygtamagyna görä, bularyň hemmesiniň diňe ykdysady ösüşe uly peýdasy bolar. Çünki ujypsyzja aýlyk bilen kanagatlanmaly bolýan maşgalalar has köp alyjy mümkinçiligine eýe bolar. Sebanyň hasaplamagyna görä, şeýle özgerişlikler diňe ABŞ-da adam başyna düşýän milli girdeýjä 1 trillion dollar goşar.

Seba şeýle garaýyş beýan edýän ýeke-täk alym däl. Köpsanly başga bilermenleriň hem pikrine görä, ady agzalýan özgerişlikler üçin köp wagt gerek bolar we şeýle üýtgeşiklikler aýdylyşy ýaly dramatiki hem bolmaz.

Elektrikli awtoulaglaryň tizligi hem barha ýokarlanar.
Elektrikli awtoulaglaryň tizligi hem barha ýokarlanar.

Emma munyň bilen bilelikde, häzir nebit bazarynyň iň köp bil baglaýan Hytaý we Hindistan bazarlarynda hem elektrikli awtoulaglara berilýän üns çalt depginde ýokarlanýar.

Hytaý 2025-nji ýylda tutuş awtoulag sanynyň ýüzden 20 göteriminiň benzinli-elektrikli gibrid awtoulaglardan ybarat bolmagyny isleýär. Hindistan bolsa, 2032-nji ýyla çenli bütin awtoulaglaryň elektrikli bolmagyny göz öňünde tutýar.

Ýöne hemişe şeýle garaýyşlara düýbünden garşy çykýanlar hem tapylýar. Olar, elbetde, nebit öndürijilerdir.

ExxonMobil we BP-niň garaýşyna görä, elektrikli awtoulaglar 2035-nji ýyla çenli tutuş awtoulag sanynyň diňe ýüzden 10 göterimini emele getirer.

Emma bu ýerde düýbünden tapawutly bir ýagdaý bar. Ol bolsa nebit öndürjileri bilen awtoulag öndürýänleriň geljege düýpgöter tapawutly garaýanlygydyr.

Ford, GM, Toýota we Tesla öz awtoulag önümçiliginde esasy ünsi elektrikli awtoulaglara gönükdirýärler.

Oriel Morrsisonyň ýazmagyna görä, aslynda şeýle düýpli özgerişligiň boljagyny hatda bar umydyny nebite baglaýanlar hem boýun alýarlar. Bu ugurda pikirler diňe onuň haçan boljagy babatda tapawut edýär.

XS
SM
MD
LG