Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul tussaglary jezalandyrmakçy bolýar, "Talyban" haýbat atýar


Kanadaly syýahatçy Joşua Boýl amerikan aýaly Keýtlan Koulman we iki ogly bilen
Kanadaly syýahatçy Joşua Boýl amerikan aýaly Keýtlan Koulman we iki ogly bilen

“Talyban” 2-nji iýunda, eger owgan hökümeti şu hepde Kabulda bolan weýrançylykly ýük ulag partlamasynyň aryny almak üçin “Talyban” tussaglaryny jezalandyryp öldürse, öç aljagyny aýdyp haýbat atanyndan soň, jeňçi toparyň bendilikde saklanýan günbatarly zamunlary babatdaky gorky-howatyr ýokarlandy.

Medianyň habaryna görä, prezident Aşraf Gani ölüm hökümi çykarylan talyban jeňçileriniň we Hakkany toparynyň agzalarynyň 11 sanysynyň jezasynyň ýerine ýetirimegi baradaky karara gol çekdi.Ýogsam bolmasa, “Talyban” 31-nji maýda azyndan 90 adamy öldüren we ýüzlerçe adamy ýaralan partlama gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy.

“Talyban” metbugat habarlaryna jogap bermek bilen, Kabuldaky protestçileriň jezalary ýerine ýetirmek we beýleki çäreler baradaky talaplaryna garamazdan, tussaglara zyýan ýetirmezlik barada owgan hökümetine duýduryş berdi.

Kabulda 2-nji iýunda bolan demonstrasiýalara gatnaşan adamlar hökümetden jemgyýetçiligi goramagy talap etdiler.

“Talyban” öz websaýtynda çap eden beýanatynda, eger-de hökümet 11 tussagy jezalandyryp öldürse, “berk nusgalyk hüjümleri” gurnajakdygyny, şol sanda ýesirlikde saklaýan daşary ýurtly zamunlaryny hem öldürjekdigini aýdyp, haýbat atdy.

“Talyban” häzir Owganystanyň Amerikan uniwersitetiniň geçen ýyl alnyp gaçylan iki professoryny zamunlykda saklaýar, olaryň biri amerikan, beýlekisi awstraliýaly.

Uniwersitet 2-nji iýunda olaryň bigünädigini aýdyp,“Talybandan” Kevin King bilen Timothy Weeks azat etmegi sorady. “Olaryň ikisi hem bu ýurda ýaş owganlara bilim bermek, olaryň Owganystany gaýtadan gurmak işine goşant goşmaklaryna kömekleşmek üçin geldi” diýip, uniwersitetiň haýyşnamasynda aýdylýar.

Şeýle-de “Talyban” kanadaly syýahatçy Joşua Boýl (Joshua Boyle) bilen onuň amerikan aýaly Keýtlan Koulmany (Caitlan Coleman) ýesirlikde saklaýar. Owganystanda 2012-nji ýylda alnyp gaçylaly bäri bu jübüdiň iki ogly hem boldy.

Owgan hökümetiniň “Talyban” tussaglaryny jezalandyryp öldürmek baradaky karary Owganystanyň esasy aňtaw gullugynyň, Howpsuzlyk boýunça milli müdirliginiň partlama Hakkany toparynyň, “Talyban” bilen ýaranlykdaky jeňçileriň jogapkärdigi barada çykaran netijelerine daýanýar diýip, AFP we “Roýters” habar berdi.

Habar gulluklary hökümetiň şu netijeler esasynda bu iki topardan jezalandyrylyp öldüriljek tussaglaryň sanawyny düzendigini aýdýarlar.

2-nji iýundaky demonstrasiýaçylar Hakkany toparyny esaslandyryjynyň ogly Anas Hakkanyny jezalandyryp öldürmegi aýratyn talap etdiler. Ol 2014-nji ýyldan bäri owgan hökümetiniň türmesinde saklanylýar.

Emma hökümet çeşmesi AFP-äAnasyň hökümet tarapyndan jezalandyrylmagy planlaşdyrylýan 11 tussagyň sanawynda ýokdugyny aýtdy.


AFP we “Roýters” habar gulluklarynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG