Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň şäherleri we biznesleri Pariž şertnamasyny berjaý ederler


Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Maýkl Blumberg (Michael Bloomberg)
Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Maýkl Blumberg (Michael Bloomberg)

ABŞ bu şertnamadan çykanda-da, amerikan şäherleri, ştatlary we biznesleri Birleşen Ştatlaryň Pariž klimat özgermesi şertnamasy astynda öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirip biler diýip, Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Maýkl Blumberg (Michael Bloomberg) 2-nji iýunda aýtdy.

"Amerikanlara biziň Pariž borçnamalarymyzy ýerine ýetirmegimiz üçin Waşingtonyň zerurlygy ýok, onsoň amerikanlar bu borçlaryny ýerine ýetirmägeWaşingtonyň päsgel bermegine ýol bermezler” diýip, Blumberg Parižde fransuz prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşandan soň aýtdy.

BMG-nyň Baş sekretarynyň şäherler we klimat özgermesi boýunça ýörite wekili bolan Blumberg ABŞ-nyň soňky onýyllykda howa goýberilýän kömürturşy gazlary azaltmakda dünýäniň öňüni çekendigini aýtdy.

Emma esasy iş raýatlar, biznesler we şäherler tarapyndan edildi, federal hökümet tarapyndan edilmedi, bu işe bazar güýçleriniň ýardamy bilen döredilen gün, ýel energiýalary hem goldaw boldy,elektrik toguny öndürmekde bolsa kömre garanda tebigy gaz ulanmak arzan düşýär diýip, ol aýtdy.

ABŞ-nyň iň uly ştaty Kaliforniýanyň gubernatory bolsa, bu şertnamany berjaý etmekde Tramp adminstrasiýasynyň daşyndan aýlanmagy maslahatlaşmak üçin Hytaýa ugrady.

XS
SM
MD
LG