Sepleriň elýeterliligi

Londondaky 'terror' hadysasynda ýedi adam wepat boldy, hüjümçiler öldürildi


Polisýa we tüpeňlenen hüjümçiler. Merkezi London, Borough bazary, 3-nji iýun, 2017.

Britan häkimiýetleri hüjümçiler London köprüsinde pyýadalaryň üstünden awtoulag sürenlerinde we soň golaýdaky restoranlaryň eýelerini pyçaklanlarynda ýedi adamyň öldürilendigini, onlarça adamyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar. Bu hadysa terrorçylyk hökmünde seredilýändigi aýdylýar.

"Indi, gynansak-da, jemgyýetçiligiň ýedi agzasynyň wepat bolandygy tassyk boldy" diýip, Londonyň polisiýa güýçleriniň başlygy Cressida Dick 4-nji iýunda aýtdy. Ozal pidalaryň sany alty diýlipdi.

Londonyň "Tiz kömek" gullugy 4-nji iýunda bu hüjümden soň şäherde 48 adamy hassahanalra eltendigini, ýarasy ýeňil adamlara wakanyň bolan ýerinde medisina kömeginiň berlendigini aýtdy.

Londonyň şäher häkimi Sadik Han ýaraly bolanlaryň käsiniň "ýagdaýynyň agyrdygyny" habar berdi.

Bu waka agşam sagat onlarda başlanyp, sekiz minut çemesi soň üç erkek hüjümçi polisiýa tarapyndan Borough bazarynyň ýanynda atylyp öldürildi diýip, häkimiýetler 3-nji iýunda aýtdylar.

Paýtagt polisiýasynyň terrorizme garşy bölüminiň başlygy Mark Rowliý 4-nji iýun güni irden polisiýa olaryň diňe üç adam bolandygyna ynanýar, emma “terrorçylyk” akty boýunça derňew dowam etdirilýär diýdi.

Häkimiýetler hüjümçileriň, soň belli bolşuna görä, çyn däl partlaýjy keltekçeleri geýendiklerini aýtdylar.

Bu Britaniýada mart aýynyň aýagyndan bäri, 22-nji martda parlament binasynyň ýanyndaky Wesministr köprüsinde we 22-nji maýda Mançesterde, köp adamly konsertde guralan hüjümlerden soň üçünji terror hüjümidir.

Häkimiýetler London köprüsindäki hüjümiň ak minibusyň ýoldan sowlup, birnäçe pyýadanyň üstünden sürülmegi bilen başlanandygyny aýdýarlar.

Soň hüjümçiler golaýdaky Borough bazaryna gitdiler we restoranlardan we barlardan doldurylan ýerde polisiýa tarapyndan atlyp öldürilmezlerinden öň birnäçe adamy pyçakladylar.

BBC-niň şol wagt London köprüsinde bolan žurnalisti Holly Jones özüniň “ähtimal sagatda 50 mil çemesi tizlikde barýan minibusy” görendigini aýtdy.

"Ol göni maňa tarap öwrüldi we soň bäş ýa-da alty çemesi adamy urdy” diýip, Jones habar berdi.

Borough bazaryndaky şaýatlar pyçak bilen ýaraglanan üç adamyň barlara we restoranlara kürsäp girip, çem gelen adamy pyçaklap başlandyklaryny, restoran eýeleriniň we işgärleriň binanyň içine gaçyp gizlenendiklerini gürrüň berdiler.

"Olar adamlary pyçaklaýardylar... Biz ‘dur, dur’ diýip gygyrýardyk we adamlar olara tarap oturgyçlary zyňýardylar” diýip, bir restoranyň hojaýyny dpa habar gullugyna aýtdy. ‘Polisiýa geldi we (üç hüjümçini) ýüzüniň ugruna tüpeňledi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Öldürilen alty adamyň köprüdäki pyýadalar ýa-da bazardaky restoran eýeleri bolandygy bada-bat aýdyň edilmedi.

Premýer-ministr Tereza Meý bu wakany “ýigrenji” we “gorkunç” diýip häsiýetlendirdi. Ol 4-nji iýun güni giçlik hökümetiň adatdan daşary KOBRA komitetiniň ýygnagyny geçirjegini aýtdy.

Londonyň häkimi Sadyk Han bu hüjümi “wagşyýana” diýip häsiýetlendirdi.

"Bu bigünä londonlylara we biziň şäherimiziň şenbe agşamynyň hözirini görýän myhmanlara bilkastdan edilen namart hüjüm” diýip, ol aýtdy. “Bu hili wagşyýana hereketleriň hiç bir delillendirilmesi bolup bilmez” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Fransuz prezidenti Emmanuel Makron twitter arkaly goldaw teklibini etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp twitterde “Birleşen Ştatlar Londona we Angliýa näme kömek etmeli bolsa, biz ol ýerde bolarys, BIZ SIZ BILEN, HUDAÝ ÝALKASYN” diýip ýazdy.

Ol başga bir twitinde “Biziň akylly, hüşgär we dogumly bolmagymyz gerek. Bize öz hukuklarymyzy yzyna berýän sudlar gerek. Bize howpsuzlygyň goşmaça derejesi hökmünde syýahat gadaganlygy gerek” diýip ýazdy.

Angliýa golaýda bolan terror hadysalaryndan soň we 8-nji iýunda geçmeli parlament saýlawlarynyň öňünden ýokary hüşgärlik ýagdaýynda ýerleşýär.

22-nji martda bir sürüji parlamentiň golaýyndaky Westministr köprüsinde pyýadalaryň üstünden awtoulag sürende 3 adam öldi we azyndan 29 adam ýaralandy. Bu awtoulag soň Parlamentiň golaýynda haýata urup durdy we sürüji pyçakly polisiýa ofiserine hüjüm etdi.

Has golaýda, 22-nji maýda bolsa bir janyndan geçen bombaçy amerikan aýdymçysy Ariana Grandeýiň Mançesterdäki konsertinde 22 adamy öldürdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG