Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan premýeri hüjümçileriň 'gorky we dowul' ýaýratjak bolandygyny aýdýar


Britan premýer-ministri Tereza Meý
Britan premýer-ministri Tereza Meý

Londonda bolan terror hüjüminden soň, britan premýer-ministri Tereza Meý terrorizme garşy göreş meselesine gezek gelende “indi besdir” diýdi. Meý 4-nji iýunda ýurduň terrora garşy strategiýasyna täzeden serediljekdigini aýtdy.

"Biz bu bolýan zatlaryň bolşy ýaly dowam etmegine göz ýumup durup bilmeris we ýummaly hem däl” diýip, Tereza Meý 4-nji iýunda, Londondaky terror hüjüminde 7 adam ölüp, onlarça adam ýaraly bolandan soň aýtdy.

3-nji iýun güni agşam sagat onlarda bir mini awtobus London köprüsinde ýoldan sowlup, pyýadalaryň üstünden sürdi we soňra maşyndan çykan üç erkek golaýdaky bazara baryp, polisiýa tarapyndan atylyp öldürilýänçä restoranlardaky adamlary pyçaklady.

Polisiýa bu hadysanyň terror hereketi hökmünde derňelýändigini aýtdy.

Meý telewideniýe beýanatynda hüjümçileriň çyn däl partlaýjy keltekçe geýip, gorky we dowul ýaýratjak bolandygyny aýtdy.

Ýurduň syýasy partiýalarynyň köpüsi bu hüjümden soň parlament saýlawlary boýunça alyp barýan kampaniýalaryny togtatdy, emma Meý 8-nji iýuna planlaşdyrylan saýlawlaryň boljakdygyny aýtdy.

"Zorlugyň demokratik prosesi böltemegine hiç wagt ýol berilmez” diýip ol belledi.

Bu Britaniýada mart aýynyň aýagyndan bäri, 22-nji martda parlament binasynyň ýanyndaky Westministr köprüsinde we 22-nji maýda Mançesterde, köp adamly konsertde guralan hüjümlerden soň üçünji terror hüjümidir.

XS
SM
MD
LG