Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: “Ulanýan suwumyza egin-eşigem ýuwup bolmaýar"


Illýustrasiýa

Türkmenistan ýurduň günbataryndaky Balkan welaýatynda deňiz suwuny duzsuzlandyrýan ýene iki täze zawody gurmagy planlaşdyrýar.

Resmi medianyň anna güni beren maglumatyna görä, Esenguly etrabynyň Ekerem obasynyň golaýynda guruljak bu zawodlaryň birinde bir gije-gündiziň dowamynda 50 müň kubmetr arassa suw işlenip taýýarlanylar. Hazar şäherinde guruljak beýleki zawodda bolsa, bir gije-gündiziň dowamynda 5 müň kubmetr arassa suw taýýarlanar.

Häzirki wagt Türkmenistanyň deňiz ýaka regionlarynda deňiz suwuny duzsuzlandyrýan birnäçe zawod, şol sanda Türkmenbaşy etrabynyň Gyýanly obasynda günde 50 müň kubmetr we Awazada 35 müň kubmetr arassa suwy işläp çykarýan desgalar bar.

Bu desgalar açylanda, olaryň regiondaky agyz suw meselesini çözjekdigi we ilatyň doly diýen ýaly arassa agyz suwy bilen üpjün ediljekdigi aýdylypdy.

Emma ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň käbirleri bu desgalaryň açylanyna indi dört ýyl çemesi wagtyň bolandygyna garamazdan, Balkan welaýatynda, hususan-da, Türkmenbaşy şäherinde agyz suw problemasynyň saklanyp galýandygyny, gowulyga tarap o diýen özgertmäniň ýokdugyny aýdýarlar.

“Gyýanly posýologyna duzsuzlandyrylan suw berilse-de, ýaşaýjylaryň tas ählisi diýen ýaly bu suwy durmuşdaky ikinji derejeli hajatlar üçin ulanýar. Bu suwy çaý-nahar üçin hem ulanmaýarys. Duzsuzlandyrylan deňiz suwy egin-eşigi ýuwmaga hem ýaramly däl. Sebäbi matalaryň çalt tüýdülmegine, könelmegine getirýär” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran, Gyýanlynyň ýaşaýjysy aýtdy.

Ol özleriniň agyz suwuny satyn alýandyklaryny, munuň bolsa ýaşaýjylara maddy taýdan uly agram salýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Awazanyň golaýyndaky deňiz suwuny duzsuzlandyrýan zawodda işleýän käbir türkmenistanlylaryň aýtmagyna görä, bu desgadan alynýan suw hem Awaza syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň durmuş hajatlarynda, ýagny hajathanalar we şuňa meňzeş zatlar üçin ulanylýar. Ýöne ol munuň ilatyň agyz suw maksatlary üçin nädejede ulanylýandygy barada maglumat bermedi.

Azatlyk Radiosy bu barada Awazanyň golaýyndaky deňiz suwuny duzsuzlandyrýan zawod bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Adynyň aýdylmazlygyny soran balkanly synçynyň sözüne görä, suw arassalaýjy zawodlaryň guruljakdygy ýa-da olaryň işläp başlandygy barada, Türkmenistanyň media serişdelerinde maglumat berilse-de, olarda öndürilýän suwuň näçe mukdarynyň agyz suw we näçesiniň tehniki maksatlar üçin ulanylýandygy hakda söz gozgalmaýar.

Şeýle-de, ol Türkmenbaşy şäherinde suw problemasynyň indi onlarça ýyl bäri dowam edýändigini, arassa agyz suwuň günde diňe sanlyja sagat ilata berilýändigini aýtdy.

Türkmenistanda suw ýetmezçiligi diňe Balkan welaýaty bilen çäklenmeýär. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi ýurduň Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynyň ençeme obasynda agyz suw üpjünçiliginiň kadaly ýola goýulmandygyny, şol sebäpli özleriniň agyz suwuny satyn almaga ýa-da birnäçe kilometr uzaklykdan getirmäge mejbur bolýandygyny aýdýarlar.

Galyberse-de, soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri suwy tygşytly ulanmak barada, yzygiderli gürrüň edip, ýaşaýyş jaýlarynda suw ölçeýji gurallaryň oturdylmagyny talap edýärler.

Türkmenistan suwy iň bisarpa ulanýan ýurtlaryň hatarynda agzalýar. “Nature” žurnalynyň awtory Olli Warisiň aýtmagyna görä, Türkmenistan ilatynyň jan başyna 5,5 müň kubmetr çemesi suw ulanýar we bu dünýäde iň ýokary görkeziji bolup durýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG