Sepleriň elýeterliligi

Daşogzyň suw meselesini ‘çözmeýärler’


Daşogzyň şor basan ýerleri.

Daşogzyň Görogly etrabynda ilat üçin niýetlenip çekilen ýaplar eýýäm 30-40 ýyldan bäri gazylmaýar diýip, bu sebitdäki ýaşaýjylaryň biri habar ýollady.

Atlandyrylmasyzlygyny soran daşoguzly öz ýaşan etrabynyň düzümindäki käbir obalara suwuň asla-da gelmeýändigini aýdyp: “Biziň töweregimizdäki mellekleriň ýapdan suwarylmaýanyna 20 ýyldan hem aşa wagt boldy. Ýerler boşap ýatyr. Töwerek-daşdaky agaçlaryň guranyndan hem 15 ýyl geçdi” diýip, ol belledi.

Azatlyk Radiosy bilen Daşoguzdan habarlaşan türkmenistanly sözüni dowam etdirip: “Öňler bazardan gök önümleri satyn almak zerurlygy ýokdy. Ähli gerekli zadyňy mellegiňde ýetişdirse bolýardy. Häzir zeýkeşleri hem hiç gazmaýarlar. Olaryň düýbüniň pagta atyzyndanam belent ýerleri bar” diýip, maglumat berdi.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan daşoguzlylaryň berýän gürrüňleri-de ýokarky hatda beýan edilenleri belli bir derejede gaýtalaýar. Bu sebitiň ýaşaýjylary bir tarapdan agyz suwunyň ýetmezçiliginden hem ýoklugyndan zeýrenseler; beýleki tarapdan-da ýerli resmileriň bu ugurda ýeterlik tagalla etmeýändiginden zeýrenýärler.

Daşoguz welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndan özüni Aýşat diýip tanadan kärendeçi suw ýoklugy sebäpli, ‘boş ýatan’ ekin meýdanlarynyň köpdügini, bu mesele ýerli häkimiýetde gozgalsa-da, häzirki güne çenli çözülmän gelýändigini gürrüň beripdi.

Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar ýurduň beýleki sebitlerinde hem agyz we ekerançylyk maksatly suwlaryň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.

Emma muňa garamazdan, türkmen mediasy ýurduň suwy netijeli ulanmak boýunça degerli çäreleri görýändigini öňe sürýär.

Ýöne türkmen metbugaty ýurduň ilatynyň agyz suwy meselesinde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, daşary ýurt neşirlerinde dünýäniň we sebitiň suw problemalary, hususan-da Türkmenistan barada aýdylýan zatlar hakynda dymmagyny dowam etdirýär.

Mysal üçin, “Nature” žurnalynda çap bolan makalada, Türkmenistanyň ilatynyň jan başyna 5,5 müň kub metr çemesi suw ulanýandygy we bu dünýäde iň ýokary görkezijidigi bellenilýär. Türkmenistanyň goňşulary Özbegistanda we Gyrgyzystanda ilatyň jan başyna 2 müň kub metr çemesi suw ulanylýandygy aýdylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG