Sepleriň elýeterliligi

Putin ABŞ saýlawlaryna Moskwanyň garyşandygyny ret etdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Amerikan telewideniýesiniň bir programmasynda eden çykyşynda, öten ýylky prezident saýlawlaryna Moskwanyň garyşandygyny inkär edip, prezident Donald Trampa basyş edere Kremliň elinde hiç bir materialyň ýokdugyny aýtdy.

Putin “NBC” telekanalynyň 4-nji iýun “Sunday Night” programmasynda ýaýlyma berlen interwýusyndan peýdalanyp, Waşingtonda Orsýet saýlawlara garyşdy diýilýän we Putiniň Birleşen Ştatlar bilen bolan gatnaşyklary gowulandyrmak umydyna zyýan ýetiren jedellerden özüni çetde tutmaga synanyşdy.

Ol Birleşen Ştatlarda bu barada barýan derňewlerde esasy şahsyýet hasaplanýan Maýkel Flin bilen bolan ilteşiklerini ulaltmazlyga synanyşyp, özüniň onuň bilen “hatda gepleşmändigini” aýdýar. Flin saýlaw kampaniýasynda Trampa maslahat berip, soňra hem wezipeden çetleşdirilýänçe, onuň milli howpsuzlyk geňeşçisi bolup işlän adam.

Putin Trampa basyş etmek üçin elinde zyýanly maglumatlar bar diýilýän habarlary hem “ýene bir boş gürrüňler, bu maglumatlary biz nireden alypdyrys” diýip ret etdi.

Öten hepde ors hakerleriniň “watançylykly” sebäplere görä, Birleşen Ştatlaryň saýlawlaryna garyşmak üçin käbir işleri eden bolmagy mümkin diýen, ýöne munda döwletiň eliniň bardygyny telim gezek inkär eden Putin Orsýete netijeleri üýtgetmegiň geregi ýok, bu uzagyndan garanyňda bir manysyz zat diýdi.

“Biz muny etjek hem bolmaly däl. Prezidentler gelýärler we gidýärler, häkimiýet başyndaky partiýalar-da çalyşýar, ýöne esasy syýasy ugur üýtgänok” diýip, Putin aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň aňtaw komissiýasynyň ýanwarda çykaran hasabatynda “Putin 2016-njy ýylda Amerikanyň prezident saýlawlaryna täsir etmek üçin kampaniýa alnyp barylmagy barada tabşyryk berdi”, mundan maksat Amerikanyň demokratik düzgünine şek döretmek, Klintony garalamak we Trampyň prezidentligi gazanmak şansyny gowulandyrmakdy diýen pikirler öňe sürülýär.

Amerikan resmileriniň we synçylaryň aglabasy Putiniň Klintonyň saýlanma şansyny peseltmek isländigine ynanýarlar. Sebäbi Klinton Orsýetdäki adam hukuklary we demokratiýanyň ýagdaýy, şeýle hem onuň Ukrainadaky agressiýasy hakda berk tutumy eýeläp, Moskwanyň Krymy basyp almagy we Ukrainanyň gündogarynda 9900-den agdyk adamyň başyna ýeten urşa garyşmagy sebäpli girizilen sanksiýalaryň dowam etdirilmegini goldapdy.

Putiniň Klinton bilen gowy gatnaşygy ýok. Ol Klintony dört ýyl premýer-ministlikden soňra prezidentlige taýýarlanýan mahaly, ýagny 2011-nji ýylda Orsýetde bolan hökümete garşy protestleri öjükdirenlikde aýyplaýar.

Tramp bolsa, munuň tersine, saýlaw kampaniýasynda özüniň Orsýet bilen gatnaşyklary gowulandyrmaga we terrorimze garşy hyzmatdaşlygy artdyrmaga synanyşjakdygyny mälim etdi. Bu hem Putiniň köp wagt bäri aýdyp gelýän zady.

Putin bilen Tramp birek-biregi käwagtlar taryplasalar-da, Putin özüniň amerikan prezidenti bilen hiç haçan “aýratyn gatnaşygynyň” bolmandygyny aýdýar.

“Biziň hiç hili gatnaşygymyz ýokdy. Onuň Moskwa gelen mahallary boldy. Ýöne men onuň bilen duşuşamok. Bize gelýän amerikanlar köp” diýip, Putin aýtdy.

Federal derňew gullugy (FBI) bilen amerikan Kongresi orslar bilen Trampyň kampaniýa we geçiş toparynyň arasynda bolan duşuşyklar hakda barlag alyp barýarlar. Bu Trampyň egindeşleriniň duşuşyklaryny hem öz içine alýar. Amerikanyň aňtaw resmileriniň aýtmagyna görä, bu iş saýlawda Orsýetiň göz öňünde tutan maksady bolupdyr.

Putin 2015-nji ýylda Moskwada agşam naharynda bir-biriniň ýanynda oturan hem bolsalar, Flin bilen bolan duşuşyklarynyň hem gaty seýrek bolandygyny aýdýar.

Ors prezidenti interwýuda hökümet tarapyndan goldalýan “RT” (Russia Today) telekanalyna salgylanyp şeýle diýdi: “Öz kompaniýamyz Russia Today tarapyndan geçirilen bir ýygnanyşyga gelip, stoluň başynda oturamda, bir tarapda meniň gapdalymda bir jentlmen otyrdy”.

“Men söz sözlänimden soňra käbir zatlar hakda gürleşdik. Soňra hem turup gitdim. Ondan soňra maňa ‘amerikaly bir jentlmen bardy. Onuň käbir zatlarda eli bar. Ol ozal howpsuzlyk gulluklarynda bolupdyr’ diýdiler” diýip Putin aýdýar.

Ol soňra hem: “Bolany şol. Men onuň bilen çynlakaý gürleşemok ... Meniň jenap Flin bilen tanyşlygymyň çägi şu” diýip sözüniň üstüne goşýar.

Flin 8-nji noýabrda Tramp prezidentlige saýlananyndan soňra geçiş döwründe, özüniň Orsýetiň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Sergeý Kizlýak bilen duşuşandygy hakda wise-prezident Maýk Pense doly maglumat bermänligi sebäpli wezipä gelenine bir aý-da bolmanka işden boşadyldy.

Putin şeýle hem Trampyň giýewisi we esasy geňeşçisi Jared Kuşner Kreml bilen gizlin habarlaşyk kanalyny ýola goýmagy teklip edipdir diýip, amerikan mediasynda ýaýran habarlardan hem özüniň bihabardygyny aýdýar.

Ol: “Bu teklipden habarym ýok. Bular ýaly teklip maňa gelenok” diýýär.

Putiniň beýanaty ýaýlym üçin orsçadan iňlisçä terjime edildi. Kreml hem onuň orsça transkripsiýasyny 5-nji iýunda ýaýratdy.

Amerikan saýlawlaryna Orsýetiň garyşandygyny inkär edýän Putin Birleşen Ştatlary çet ýurtlaryň saýlawlaryna garyşmakda aýyplaýar.

Ol: “Barmak basyp, dünýä kartasynyň niresini görkezseňiz, ähli ýerden Amerikan resmileriniň içerki saýlaw proseslerine garyşýandygyny eşidersiňiz” diýdi.

Analizçiler Putiniň Orsýete garşy bildirilýän aýyplamalardan ünsi sowmak üçin, şol işi aýyplaýjylaryň öz üstüne ýükleýändigini aýdýarlar.

Orsýetde uzak wagt bäri dowam edýän korrupsiýa we başga pikirlileriň basylyp-ýatyrylmagy hakda soralanda, Putin gaharlanyp: “Siz näme üçin özüňizi bular ýaly soraglary bermäge hakly saýýarsyňyz? Hemişe muny edýärsiňiz? Bize ahlak we nähili ýaşamalydygy hakda sapak bermek üçinmi?” diýip jogap berdi.

“Biz gatnaşyk gurmak, umumy töwerek döretmek maksady bilen berlen konstruktiw beýanatlary diňlemäge taýýyn. Ýöne bular ýaly zatlar syýasy konfliktler üçin ulanylsa, biz hiç haçan kabul etmeris” diýip, Putin aýtdy.

XS
SM
MD
LG