Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dört arap ýurdy Katar bilen gatnaşyklaryny kesdi


Saud Arabystanynyň, Müsüriň, Bahreýniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Kataryň baýdaklarynyň suraty
Saud Arabystanynyň, Müsüriň, Bahreýniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Kataryň baýdaklarynyň suraty

Arap ýurtlarynyň dördüsi Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi we ony yslamçy toparlary goldamakda aýyplady, şeýle-de Eýran bilen ýakyn gatnaşygyny ýazgardy.

Saud Arabystany, Müsür, Bahreýn we Birleşen Arap Emirlikleri Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryny bes edip, ähli gatnaşyklaryny ýatyrýandygyny 5-nji iýunda bilelikde yglan etdiler. Bu ädim gaza baý we 2022-nji ýylda Futbol boýunça halkara federasiýasy FIFA-nyň dünýä kubogy ugrundaky ýaryşyny geçirjek, şeýle-de ABŞ-nyň uly harby bazasyny saklaýan ýurduň üzňelige düşmegine getirer.

Katar öz adyna öňe sürlen aýyplamalar üçin delil ýokdygyny aýtdy.

Pars Aýlagynyň döwletleri Katara Eýran we “Musulman doganlary” ýaly yslamçy hereketler bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan ýurt hökmünde seredýärler. Olar yslamçy toparlaryň regionyň howpsuzlygyny hatar astynda goýýandygyny aýdýarlar.

Arap ýurtlarynyň dördüsi Katar bilen howa we deňiz üsti bilen aragatnaşygy kesmegi planlaşdyrýandygyny we katarlylaryň agzalan ýurtlary terk etmegine iki hepdelik wagt möhletiniň berilýändigini mälim etdiler. Saud Arabystany Katar bilen guryýer serhedini hem ýapyp, ony Arap ýarymadasyndan kesjekdigini aýty.

Ýemeniň halkara derejesinde ykrar edilen hökümeti regional ýaranlarynyň Katar bilen gatnaşyklaryna eýerdi.

Saud Arabystany Katary “Musulman doganlary”, “Yslam döwleti” we “Al-Kaýda” ýaly “terrorçy we dinçi toparlaryň ençemesini goldamakda aýyplady”.

Saud Arabystanynyň SPA döwlet habar agentliginiň ýaýradan beýannamasynda Kataryň Eýrana daýanýan söweşijiler diýlip atlandyran toparlary Saud Arabystanynda we Bahreýnde goldamakda hem aýyplanýandygy aýdylýar. Şeýle-de, Saud Arabystany Kataryň goşunlarynyň Ýemende barýan uruşdan çykaryljakdygyny aýtdy.

Bahrain öz kararynyň Kataryň “mediasynyň öjükdirmegi, ýaragly terrorçylaryň hereketlerini we Bahreýnde dildüwüşik hem bulam-bujarlyk döretmek boýunça eýranly toparlaryň maliýeleşdirilmegini goldamagy” diýip atlandyran hereketleriniň netijesi bolandygyny aýtdy.

Birleşen Arap Emirlikleri Dohany “terrorizmi, ekstremizmi we dini guramalary goldamakda, maliýeleşdirmekde we makullamakda” aýyplady diýip, döwlet habar agentligi WAM habar berdi we Abu Dabiniň Kataryň diplomatlaryna ýurdy terk etmek üçin 48 sagat berendigini belledi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň we Saud Arabystanynyň awia kompaniýalary 6-njy iýunda Katara howa gatnawyny ýatyrýandygyny duýdurdylar.

Kataryň awia kompaniýasy “Katar Airways” 5-nji iýunda Saud Arabystanyna howa gatnawyny ýatyrandygyny aýtdy.

Kataryň Daşary işler ministri bu çärä gynanç bildirdi we “çäreler esassyz we iş ýüzünde delilsiz çaklamalara we aýyplamalara esaslanýar” diýdi.

Katarda ýerleşýän Al-Jazeera telewideniýesi kararlar “raýatlaryň we ýaşaýjylaryň adaty durmuşyna täsir ýetirmez” diýip ministrligi sitirledi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson aýlagyň döwletlerini bütewülige çagyrdy we gapma-garşylyklaryň üstünde işlemäge çagyrdy.

“Biz taraplary jemlenip, bu gapma-garşylyklara seretmäge çagyrmak isleýäris” diýip Tillerson 5-nji maýda aýtdy.

Tillerson diplomatik krizisiň Siriýada we Yrakda “YD” toparyna garşy alnyp barylýan harby kampaniýa täsir ýetirmejegine ynam baglady.

Kataryň al-Udeid howa bazasynda ABŞ-nyň merkezi harby ýolbaşçylygy we 10 müň çemesi harbysy ýerleşýär.

2014-nji ýylda Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri we Bahreýn Katary “Musulmanlary doganlary” toparyna goldaw bermekde aýyplap, öz diplomatlaryny bu ýurtdan çykarypdy.

XS
SM
MD
LG