Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Yslam döwleti" toparynyň jeňçileri Mosuldan gaçýan onalarça adamy öldürdi


Mosulyň al-Zanjili mähellesinden gaçan adamlar. 30-ny maý, 2017
Mosulyň al-Zanjili mähellesinden gaçan adamlar. 30-ny maý, 2017

“Roýters” habar gullugy soňky iki günde Mosulda “Yslam döwleti” jeňçi toparynyň elindäki ýerlerden gaçan asuda adamlaryň onlarçasynyň öldürilendigini habar berýär.

“Roýtersiň” TV topary 3-nji iýunda öldürilen erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň jesetleriniň yrak goşunlary bilen jeňçileriň arasyndaky front liniýasynyň golaýynda, Zanjili etrabynyň köçelerinde ýatandygyny aýtdy.

Zanjili Yragyň ikinji uly şäheri bolan Mosulyň “Yslam toparynyň” jeňçilerinden arassalanmadyk soňky üç etrabynyň biridir.

Yrak goşunlary 2-nji iýunda, YD-yny Mosuldan çykaryp kowmak ugrundaky aýgytly söweşiň çäginde, özleriniň Sihha etrabyny ele geçirendiklerini aýtdylar. Mosul YD-nyň Yrakdaky esasy mesgeni bolup durýar.

XS
SM
MD
LG