Sepleriň elýeterliligi

Gadagan: Putiniň Orsýetinde başyňa bela getirjek dokuzlyk


Moskwanyň sudy ukrainaly kitaphanaçy Nataliýa Şarinany “etniki agzalalygy öjükdirmekde” aýyplap dört ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Moskwanyň sudy şäheriň ukrain kitaphanasynyň ozalky müdiri Nataliýa Şarinany “etniki ýigrenç duýgularyny öjüdirmekde” aýyplap dört ýyllyk şertli tussaglyga höküm etdi. Çykarylan höküm onuň kitaphanasyndaky käbir saýlama eserler, hamana, “ekstrimizmi ündeýär” diýlip esaslandyryldy.

Wladimir Putiniň Orsýetinde şeýle galmagallar adaty ýagdaý. Sebäbi ol ýerde “ekstrimizme” ýa-da “dini ynançlary kemsitmäge garşy” girizlen gümürtik kanunlar prokurordyr sudýalaryň eden-etdiliklerine ýol açýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy öz başlaryna kanuny belalary satyn alýan orsýetlileriň geň-taňlyklaryna salgylanyp soňky wakalardan düzülen kiçi göwrümli ýygyndy taýýarlady.

Putine hat ýazmak

Orsýetli oppozisiýaçy aktiwist Darýa Kulakowa
Orsýetli oppozisiýaçy aktiwist Darýa Kulakowa

​9-njy maýda 23 ýaşly Darýa Kulakowa Putini dördünji möhlete prezidentlige dalaş etmezlige çagyryş edip, oňa hat ýazmak kampaniýasyny guramalaşdyranlygy üçin 10 günlük tussaglyga höküm edildi. Ol Putiniň Tatarystanyň paýtagty Kazandaky wekilhanasyna hat taşlajak wagty polisiýanyň buýrugyna boýun egmezlikde aýyplandy.

Pasha ýumurtgalaryny reňklemek

Orsýetli mekdep mugallymy Ýelena Blinowa (aşakdan sagda) haçan-da oppozisiýaçy bloggeri goldaýandygyny ýaňzydanda geň-taňlyga uçrady
Orsýetli mekdep mugallymy Ýelena Blinowa (aşakdan sagda) haçan-da oppozisiýaçy bloggeri goldaýandygyny ýaňzydanda geň-taňlyga uçrady

Aprel aýynda Çuwaşystan respublikasynyň sudy ozal çagalar bagynda terbiýeçi bolup işlän Ýelene Blinowany 20.000 rubl (350 $) jerime tölemäge höküm etdi. Blinowa Pasha baýramçylygyna bagyşlanan on iki çemesi ýumurtgany “Maltsewe azatlyk” diýen şygar bilen bezäp reňkläpdi. Bu hereket onuň oppozisiýaçy aktiwist we meşhur blogger Wýaçeslaw Maltsewi goldaýandygyny ýaňzytdy. Maltsew mart aýynda Moskwada geçirlen protest çäresinde polisýa işgärine hüjüm etmekde aýyplanýar.

1-nji iýunda Çuwaşystanyň Ýokary sudy jerime töleginiň mukdaryny 10.000 rubla çenli azaltdy, ýöne şol bir wagtyň özünde Blinowanyň bikanun demonstrasiýa gatnaşmakda aýyplanýandygyny tassyklady.

Blinowa karara garşy çykyp ýumurtgalary jemgyýetçilik parkynyň häkimiýetler tarapyndan “erkin-söz zolagy” diýlip kesgitlenen böleginde reňkländigini, şonuň üçinem hiç hili kanuny bozmandygyny aýtdy. Suduň Blinowa bilen razylaşmaýandygy üçin “ýumurtga reňlemek çäresinde” onuň ýanynda duran 11 protestçiniň hem jeza çäreleri bilen ýüzbe-ýüz galmagy mümkin.

Goşgy ýazmak

Orsýetli şahyr we mugallym Aleksandr Bywşew
Orsýetli şahyr we mugallym Aleksandr Bywşew

Bu günler Orsýetiň taryha baý şygryýet sungaty bilen meşgullanmak hem adamy ýowuz bela uçradyp bilýär. Orýol oblastynda mugallym bolup işleýän Aleksandr Bywşew 2015-nji ýylda “Ukrain watanparazlaryna” diýen at bilen ýazan goşgusy üçin “etniki agzalalygy öjükdirýär” diýlip işinden boşadyldy we 300 sagatlyk jemgyýetçilik zähmetini berjaý etmäge höküm edildi.

Ýanwar aýynda prokurorlar Bywşewiň işi boýunça, ýagny onuň Sowet döwründe dissidentlikde ýaşan we Nobel baýragynyň laurýaty Iosif Brodski barada ýazan goşgusy üçin täze derňewleri alyp barýandyklaryny aýtdylar. Olar Bywşewiň agzalýan goşgusynda “ekstrimistiki’ äheň bolmagy mümkin diýýärler.

Çagalara ýowuz daralmagyna garşy göreşmek

Çagalar bagynyň mugallymy Ýewgeniýa Çudnowetz
Çagalar bagynyň mugallymy Ýewgeniýa Çudnowetz

​Çagalar bagynyň mugallymy Ýewgenia Çudnowetz 2016-njy ýylda Kurgan regionynda bäş aýlyk türme tussaglygyna höküm edildi. Ol özüniň “jemgyýetçilik problemasy” diýip häsiýetlendirýän “çagalara ýowuz daramak problemasyna” bolan habarlylygy ýokarlandyrmak üçin öz hasabyndan wideo paýlaşypdy.

Orsýetiň Ýokary sudy işe täzeden seredilmegini talap etdi we munuň netijesinde 6-njy martda sud Çudnowetsi günäsiz tapdy. Ol türmedäki möhletiniň dolmagyna bary-ýogy birnäçe hepde galanda boşadyldy.

Wideonyň paýlaşylmagy çagalara ýowuz daraýan iki adamyň şahsyýetiniň anyklanmagyna we olaryň degişlilikde iki we alty ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edilmeklerine ýardam etdi.​

Pokemon oýnamak

Wideo: Orsýetli “Pokemon Go” blogçysy şertli tussaglyga höküm edildi

Maý aýynda Ýekaterinburgly blogger Ruslan Sokolowski özüniň kilisede “Pokemon Go” oýnaýan wideosyny hem öz içinde alýan käbir wideolary internede goýany üçin “agzalalygy öjükdirmekde” we “dini ynançlary kemsitmekde” aýyplanyp günäli tapyldy. Bu waka halkara habar serişdelerinde giňden agzalyp geçildi. Ol 3.5 ýyllyk şertli tussaglyga höküm edildi. Sud Sokolowskiniň internede goýan käbir wideolarynyň dini ynançlary kemsidýändigini we Isanyň hem-de Muhammet pygamberiň mukaddesliklerine dil ýetirýändigini aýtdy.

Orsýetde 2013-nji ýylda “Dini uýýanlaryň ynançlaryny kemsitmek” boýunça kabul edilen jedelli kanun Stawropolda 2015-nji ýylda gozgalan sud işiniň hem özenini düzdi. Wiktor Krasnew atly bir adam özüniň Vkontakte sosial ulgamyndaky hasabynda aýdan “Hudaý ýok” sözi üçin sud jogapkärçiligine çekildi. Ol ruhy keseller hassahansynda suduň karary bilen alnan barlagdan geçirlip bir aýlap gözegçilikde saklandy. Haçan-da nobatdaky sud diňlenişigine gezek gelende “kemsidildi’ diýilýänler diňlenişige gatnaşmady. Ahyrsoňy, ýagny 2017-nji ýylda derňewiň möwrütiniň dolmagy sebäpli gozgalan derňew işi ýatyryldy.

“Bet” suratlary internede goýmak

2015-nji ýylyň fewral aýynda ýaragly polisýa güýçleri Polina Petrusewanyň Smolenskdäki köp gatly ýaşaýyş jaýyndaky öýüne gelip ony tussag etdi. Ol öz ýaşaýan binasynyň, haçan-da Ikinji jahan urşy döwründe şäher iki ýyllap Nazileriň basybalyjylygyna sezewar bolanda, düşürlen taryhy suratyny internede goýupdy we bu onuň jogapkärçilige çekilmegine getirdi.

Petruşewa 1.000 rubl (18 $) jerime salyndy, sebäbi onuň internede goýan suratynda Nazi baýdagy we birnäçe sany Nazi ofiseri görkezilýärdi. Oňa “Nazi tugralaryny ýaýratmak” boýunça aýyplama bildirildi.​

Özüňe garşy gozgalan ozalky işler barada internetde maglumat goýmak

Orsýetli oppozisiýaçy Dmitri Semenow
Orsýetli oppozisiýaçy Dmitri Semenow

​Mart aýynda Çuwaşystanyň Çeboksarydaky sudy oppozisiýaçy aktiwist Dmitri Semýonowy “ekstrimistiki maglumatlary köpçülikleýin paýlamak” maddasy boýunça jogapkärçilige çekdi. Muňa Semýonowyň özüne garşy gozgalan ozalky sud işi barada çap edilen makalany paýlaşmagy sebäp boldy. Oňa 150.000 rubl (250 $) jerime salyndy, ýöne sud kararyň yz ýany Semýonowy jerimeden azat etmek boýunça karar çykaryp, oňa garşy çykarylan hökümiň güýçsizdigini kararlaştyrdy.

Mart aýynda Çuwaşystanyň Nowoçeboksarskdaky sudy Dmitri Pankowy onuň özüne garşy gozgalan ozalky sud işi barada çap edilen makalany paýlaşmagy sebäpli ony täzeden “ekstrimizmde” aýyplap jogapkärçilige çekdi.

Gürrüňi edilýän Semýonow bilen Pankowyň ikisiniň hem sud işi Sankt Pererburgly ozalky kanun çykaryjy häzirki wagtda Döwlet dumasynyň deputaty Witaliý Milonowyň 2013-nji ýylda prawoslaw şygarly düşürlen suratyny paýlaşmagy bilen ilteşdirildi. Suratdaky şygarly köýnek “ekstrimistiki” äheňde diýlip häsiýetlendirilipdi.

Tankydy bellikler

Çeçenistanly habarçy Žalaudi Geriýew 2016-njy ýylda üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi
Çeçenistanly habarçy Žalaudi Geriýew 2016-njy ýylda üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi

​Gozgalýan sud işleriniň aglaba bölegi jogapkärçilige çekilýänleriň ýagdaýlary tankytlamak çärelerinden ugur alyp gaýdýar. 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda dagystanly ymam Magmednabi Magomedow “ýigrenji öjükdirmekde” günäli tapylyp bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Magomedow ýerli polisýa bölümine baryp ol ýerde saklanýanlaryň aglabasynyň esassyz saklanýandygyny aýdyp olaryň boşadylmagyny talap edipdi.

2016-njy ýylyň sentýabr aýynda çeçenistanly žurnalist neşe serişdesini götermekde aýyplanyp üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Žurnalist aýyplamalary ret edýär. Orsýetli we halkara aktiwistler onuň çeçen lideri Ramzan Kadyrowy tankytlaýan makalalary sebäpli jezalandyrlandygyny aýdýarlar.

2016-njy ýylyň dekabr aýynda Týumen regionynyň sudy Alekseý Kungurowy “terrorçylygy aklamak” boýunça aýyplap 2.5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Kungurow Orsýetiň Siriýada dowam edýän söweşe goşulmagyny tankytlap blog çap edipdi.

2011-nji ýylda Içeri işler ministrliginiň ozalky maýory Igor Matweýew Wladiwostokda “öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda” aýyplanyp dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol jogapkärçilige çekilmezden ozal Içeri işler ministrliginiň ýurduň uzak gündogaryndaky işgärleriniň it iými bilen naharlanýandygyny öňe sürüp wideo çap edipdi.

Derňewçiler soňlugy bilen onuň öňe süren wakalarynyň hakykatdygyna göz ýetirip onuň aklanandygyna garamazdan Matweýew tussaglyk möhletiniň soňuna çenli türmede saklandy we 2016-njy ýylda boşadyldy.

Aeroporta zeper ýetirmek

Resmiler Tatarystanyň Kazandaky halkara aeroportynyň içinde ýüzlerçe kilometrläp ulag süren adamyň döwlete millionlarça rubl zyýan ýetirendigini aýtdy.
Resmiler Tatarystanyň Kazandaky halkara aeroportynyň içinde ýüzlerçe kilometrläp ulag süren adamyň döwlete millionlarça rubl zyýan ýetirendigini aýtdy.

​Biz sanawymyzyň soňuny tapawutlyrak bir waka bilen soňlamakçy. 2016-njy ýylyň dekabr aýynda internetde peýda bolan wideoda, sürüji Kazandaky aeroportyň terminalyna ulagy bilen kürsäp girişi we ulagly iki ýana çaýkap aeroporty weýran edişi görkezilýär. Agzalýan sürüji döwlete 6 million rubl (100.000 $) pul möçberinde zyýan ýetirip birnäçe howpsuzlyk işgärini ýaralady.

Polisýanyň hasabatynda aýdylmagyna görä, gürrüňi edilýän sürüjiniň ýanyndan 3.9 gramlyk neşe serişdesi, ýagny marihuana tapylyp onuň özi hem neşe serişdesiniň täsirinde ekeni. Muňa garamazdan, wakadan iki gün geçensoň etrap sudy agzalýan adamy köçe ýol hereketiniň düzgüni bozmakda, zyýan ýetirmekde we neşe geçirmekde aýyplap bary ýogy 15 gün administratiw tussaglyga höküm etdi. Şol bir wagtyň özünde, nämüçindir sürüjiniň şahsyýeti barada hiç hili maglumat çap edilmedi. ​

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG