Sepleriň elýeterliligi

Tähran: Parlamentde, Homeininiň guburynda ok atyşyk boldy


Eýranyň howpsuzlyk gullugynyň işgärleri

Tähranda ýaragly adamlar we janyndan geçen bombaçylar parlamente, şeýle hem Aýatollah Ruhollah Homeininiň mawzoleýine hüjüm etdiler. Häkimiýetler hüjümleriň ikisinde-de terroristleri jogapkär edýärler.

“Yslam döwleti” atly ekstremistik topar bilen ilteşikli “Amag” habar gullugynyň bildirmegine görä, ilatynyň aglaba köplügi şaýylardan durýan ýurt bolan Eýranyň paýtagtynda 7-nji iýunda amala aşyrylan hüjümleriň jogapkärçiligini ekstremistik sünni topar, ýagny “Yslam döwleti” öz üstüne alypdyr.

Eýranyň resmi habar gullugy “IRNA” ýurduň howpsuzlyk gullugynyň iki işgäriniň öldürilendigini we 30-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny habar berdi. “Yslam döwleti” parlamentdäki hüjümiň dowam edýändigini aýtdy. Beýleki habarlarda bolsa ölenleriň sany ýedi diýlip berilýär.

Eýranyň mediasynda berlen habarlarda azyndan üç adamyň Homeininň mawzoleýine hüjüm edip, ol ýere zyýarata gelen bir adamy atyp öldürendigi aýdylýar. Homeininiň mawzoleýi Tähranyň günortasynda ýerleşýär.

Eýranyň döwlet radio-telewideniýe ulgamy “IRIB” Tähranyň häkimi Hosseýn Haşemä salgylanyp, hüjümçileriň biriniň özüni partladandygyny, ýene biriniň hem howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürilendigini habar berdi.

Haşemi hüjümde bir işçiniň ölendigini, ençeme adamyň ham ýaralanandygyny aýtdy.

Eýranyň ýarym resmi habar gullugy “ILNA” iki hüjümçiniň tutulandygyny mälim etdi.

Habar gulluklarynyň beren maglumatlarynda Tähranyň merkezinde ýaragly adamlaryň parlamentiň içine ot açandygy aýdylýar.

Tähranly kanun çykaryjy Elýas Hazrati hüjümçileriň ikisiniň kalaşnikowly, biriniň hem sapançaly, jemi üç adamdan ybaratdygyny aýdypdyr.

Käbir habarlarda jemi 8 adamyň ýaralanandygy aýdylýar. Howpsuzlyk gullugynyň bir işgäriniň öldürilendigi barada hem maglumatlar bar.

“IRIB” soňra hüjümçileriň biri parlamentiň binasynyň dördünji gatynda özüni partladypdyr diýip, habar berdi.

“Tasmin” habar gullugy parlamentiň içinde dört adamyň zamun alnandygyny aýdýar.

Habarlarda aýdylmagyna görä, iki hüjümde takmynan bir wagtda amala aşyryldy. Olar utgaşykly amala aşyrylana meňzeýär.

Eýranyň Aňtaw ministrligi hüjümleriň “terrorçy toparlar” tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy.

Döwlet telekanaly ministrlige salgylanyp, “üçünji toparyň agzalary hiç bir hüjümi amala aşyrmazdan öň tutuldy” diýip, habar berdi.

Bu hüjümler belli bir derejä çenli aram hasaplanýan Hassan Rohaniniň 19-njy maýda sesleriň aglaba köplügi bilen ikinji möhlet prezidentlige saýlanmagynyň üstünden entek doly bir aý geçmänkä boldy. Eýranda ähli meseleleri gutarnykly çözýän ýokary lider Aýatollah Ali Homeini hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG