Sepleriň elýeterliligi

Ukrainanyň parlamenti ýurduň NATO goşulmagyny goldady


Ukrainanyň parlamenti Werhownaýa Rada

Ukrainanyň parlamenti NATO bilen hyzmatdaşlygy goldady we Günbataryň harby bileleşigine goşulmagyň ýurduň Orsýetiň “agressiýasyna” garşy durmakda ileri tutýan maksady bolup durýandygyny aýtdy.

8-nji iýunda 450 orunlyk ukrain parlamenti Werhownaýa Radanyň 276 agzasy ýurduň daşary syýasatyna degişli ençeme kanunyna goşmaça girizmegi goldady.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň gol goýmagyny talap edýän goşmaçalara görä, Ukrainanyň daşary syýasaty NATO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we “gurama agza bolmak üçin şertleri berjaý etmek” ugrundaky ädimlere gönükdiriler.

Goşmaçalara düşündiriş berýän dokumentlerde bu ädimiň “Orsýet Federasiýasynyň Ukraina garşy agressiýasyna we Ukrainanyň territoriýasynyň bölegini anneksiýa etmegine” jogap bolup durýandygy aýdylýar.

Orsýet 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp öz düzümine goşdy we ýurduň gündogarynda 9900 adamyň ölümine getiren konfliktde hökümet güýçlerine garşy söweşen separatistlere goldaw berdi.

XS
SM
MD
LG