Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýnşteýniň degişlilik teoriýasyndan şübhe edilýär


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Alymlar diňe gara deşikleriň merkezinde duş gelnen we şol sebäpdenem görünmeýän grawitasiýa ýeke-täkliginiň (singulýar) düýpgöter başgaça, ýagny üç ölçegli fazada döräp biljegini görkezipdirler.

Cambridge uniwersitetinden bolan alymlar kompýuter simulýasyýalarynyň kömegi bilen "sap ýeke-täkligiň" bolaýmagynyň ähtimaldygyny öňe sürýärler. Bu bolsa Eýnşteýniň degişlilik teoriýasyna şübhä döredýär.

Geçirilen ylmy barlagyň netijeleri "Physical Review Letters" atly žurnalda çap edilipdi.

Eýnşteýniň umumy degişlilik teoriýasy biziň grawitasiýa baradaky häzirki garaýşymyzyň esasyny emele getirýär: Älem-jahanda ýyldyzlaryň ýaşynyň hasaplanmagyndan başlap, nawigasiýada peýdalanýan GPS tolkunlaryna çenli ähli zat mundan ugur alýar.

Teoriýa görä, madda özüni emele getiren wagty ýeri deformasiýa duçar edýär we biziň grawitasiýa diýip atlandyrýan zadymyz hut şol deformasiýasynyň özenini emele getirýär. Umumy degişlilik teoriýasynyň çap edilmeginden geçen ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan ähli ylmy-barlaglar şowly netije beripdi. Ýöne ýeke-täklik barasynda dürli ýagdaýlaryň bolmagy onyň esasy kemçiligini emele getirdi.

Ýeke-täklik şeýle bir nokatdyr, ýagny ol ýerde grawitasiýanyň güýji ýere, wagta we fizika kanunlarynyň bozulmagyna sebäp bolýar. Umumy degişlilik teoriýasyna görä, ýeke-täklikler gara deşikleriň merkezinde bardyr we olar ähli hadysalaryň kesişýän nokadyndadyr. Hadysalaryň kesişýän nokady "gaýdyşy bolmaýan nokatdyr". Ol ýerde grawitasiýanyň täsiri çakdanaşa güýçli, ýagny ondan gutulmak mümkin däl. Şonyň üçinem ýeke-täkligi synlamak mümkin bolmaýar.

Matematikler eýýäm 40 ýyldan köp wagtdan bäri ýeke-täkligiň emele gelýän ýerlerinde şeýle aýratynlyklaryň bardygyny çak edip gelýärler. Alymlar muňa "kosmiki senzuranyň gipotezi" diýip at berýärler. Dogry bolan halatynda, kosmiki senzura diýmek, ýagny gara deşiklerden daşaryn bu ýeke-täkligiň ölçäp bolar ýaly täsiri ýokdur. Şeýle ýagdaýda umumy degişlilik teoriýasy öz güýjüni goraýar.

Soňky ýyllarda alymlar kompýuter simulýasiýalarynyň kömegi bilen "sap ýeke-täklikleriň" bolup biljegini öňe sürýärler. Hadysanyň kesişýän nokadyndan çetde durýan ýeke-täkliklere "sap ýeke-täklikler" diýilýär. Sap ýeke-täklik kosmiki senzura gipotezi, umumy degişlilik teoriýasynyň älem-jahanyň döreýşi baradaky tezisini ret edip biler. Ýöne bu ähli ähtimallyklaryň bary diýseň ýokary derejede kämilleşen dünýälere degişlidir. Meselem, 2016-njy ýylda Kembric uniwersitetiniň iki sany doktorantura talyby sap ýeke-täkligiň bardygy babatdaky garaýşy öňe sürüpdirler. Ýöne olaryň garaýşy bäş ölçegli älem-jahana degişli ekeni.

Cambridge uniwersitetiniň fiziki-matematika we fizika teoriýasy kafedrasyndan Toby Crisford we Jorge Santos atly ylmy işgärleriň amala aşyran täze ylmy-barlagynyň netijesine görä, sap ýeke-täkligiň dört ölçegli dünýäde bolup biljegini öňe sürülýär.

Bu garaýşa görä, sap ýeke-täklik "Anti-de Sitter giňişligi" diýip atlandyrylýan özbaşdak aýratyn bir giňişlikde emele gelip biler. Ol ýerde älem-jahan eýer görnüşine eýedir. Umumy degişlilik teoriýasyna görä bolsa, älem-jahanlar tapawutly görnüşe eýe bolup biler. "Anti-de Sitter giňişligi" hem şol bolup biläýjek görnüşlerden diňe biridir.

"Anti-de Sitter giňişliginiň" gurlyşy ýylmanak giňişlikden diýseň tapawutlydyr. Ol giňişlikde şeýle böwet bar, ýagny şöhle ol ýere baryp ýetende yzyna serpikýär. "Bu bir gutynyň içinde bar bolan, diwarlaryň arasyndaky wagt giňişligidir. Biziň çakymyza görä, olaryň dürli sebitleri özüne çekmäge ukyby bar we biz hut şeýle mümkinçiligi ulgamy energiýa goşmak üçin ulanýarys. Netijede singulýaryň döremeginiň öňüni açýarys" diýip, Crisford aýdýar.

Alymlaryň çykaran bu netijesi islendik giňişlikde simulýasiýa edilip bilinmeýändigine görä, biziň ýaşaýan älem-jahanymyzda iş ýüzüne geçirilmegi mümkin däldir. Ýöne bu şol bir wagtyň özünde, älem-jahan baradaky beýleki teoriýalaryň maňzyna ýetmek üçin, täze mümkinçilikler döredýär. Şeýle teoriýalaryň biri singulýara meňzeş täze ýagdaýlary ýüze çykarýan kwantýum grawitasiýasydyr.

XS
SM
MD
LG