Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Tährandaky hüjümden soň, howpsuzlygy güýçlendirdi


Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň sakçylary edarasynyň işgärleri
Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň sakçylary edarasynyň işgärleri

Eýranyň polisiýasynyň ýurduň paýtagty Tähranyň köçelerinde we metro stansiýalarynda gözegçiligi güýçlendirendigi habar berilýär. Bu waka Eýranyň parlamentinde we Aýatolla Ruholla Homeýniniň guburynda bolan hüjümlerden bir gün soň, adam pidasynyň artandygy baradaky maglumatlaryň ýaýran mahalyna gabat geldi.

8-nji iýunda Eýranyň resmileri mundan bir gün ozal amala aşyrylan hüjümlerde 17 adamyň ölendigini we başga-da 40-dan gowragynyň ýaralanandygyny aýtdylar. Bu Eýranda häzire çenli amala aşyrylan iň uly hüjümler bolup, olaryň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” atly topar öz üstüne aldy.

Bu aralykda, ýurduň Aňtaw ministrligi ýörite beýanat ýaýradyp, hüjümlere gatnaşan bäş adamyň eýranlydygyny hem-de olaryň Yrakda we Siriýada “Yslam döwleti” toparyna goşulandygyny aýtdy.

Şeýle-de, ministrlik şol adamlaryň diňe adyny we jesetleriniň suratyny metbugatda ýaýratdy.

Maglumatda hüjümçileriň Saud Arabystanynda agdyklyk edýän sünni musulmanlarynyň konserwatiw görnüşi bolan “wahhabistler bilen uzak wagt aragatnaşyk saklandygy” aýdylyp, olaryň “Yslam döwleti” toparynyň hatarynda söweşmek üçin ,Yrakda Mosul, Siriýada Rakka şäherine gidendigi aýdylýar.

Ministrligiň beýanatynda bu toparyň dini ýerlerde terrorçylykly operasiýalary amala aşyrmak üçin, “Yslam döwleti” toparynyň lideriniň tabşyrygy esasynda, geçen ýylyň tomsunda Eýrana dolanandygy bellenilýär.

Resmiler birnäçe sagat dowam eden ekiztaýy hüjümlerde “kalaşnikow” kysymly awtomat tüpeňler bilen ýaraglanan adamlaryň bir toparynyň ýurduň parlament binasyna we beýlekileriniň bolsa, Homeýniniň aramgähine hüjüm edendigini aýtdylar.

Hüjümçileriň ählisiniň öldürilendigi habar berildi. Azyndan iki sanysy özüni partlatdy diýip, Eýranyň mediasynyň maglumatynda bellenilýär.

Polisiýa derňewleriň netijesinde, birnäçe şübheliniň tussag edilendigi aýdýar. Şol wagtda, 7-nji iýunda ýurduň Aňtaw ministrligi “üçünji toparyň agzalarynyň hiç bir hüjümi amala aşyrmanka tutulandygyny” habar berdi.

“Yslam döwleti” topary hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, Eýranyň parlamentiniň içinde ýaly bolup görünýän ýaragly adamlaryň wideosyny ýaýratdy.

“Yslam döwleti” topary Siriýadaky we Yrakdaky söweşijilerine garşy göreşýän milisiýalary goldaýan Eýrana yzygiderli haýbat atýar. Ekstremist sünni topar Eýranyň ilatynyň 90 prosentini emele getirýän şaýy musulmanlary dinden dänenler diýip hasaplaýar.

Şu ýylyň martynda özüniň pars dilindäki ilkinji wideosyny ýaýratmak bilen “Yslam döwleti” topary Eýranda söweşijileri hakyna tutmagy güýçlendirjekdigi we “Eýrany basyp alyp, onda öňküsi ýaly sünni musulman halkyny dikeltjekdigi” dogrusynda haýbat atdy.

Eýranyň sünni azlygy aglaba ýurduň Yrak we Pakistan bilen serhetlerindäki durnukly territoriýalarda ýaşaýarlar.

Prezident Hassan Rohani Eýrany “terrorçylyga, ekstremizme we ýowuzlyga garşy göreşde has-da aýgytly etjekdiklerini” aýdyp, terror howpuna garşy halkara hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Ýöne Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň sakçylary edarasy ýiti äheň bilen bu gandöküşlik üçin ar almagy wada berip, bu hüjümlerde Saud Arabystanyny we Birleşen Ştatlary aýyplady.

Edara öz beýanatynda bu hüjümleriň prezident Donald Trampyň sünni musulmanlary tarapyndan dolandyrylýan şalyga eden saparynyň we ol ýerde Waşingtonyň Riadda bolan goldawyny berk beýan etmeginiň yz ýanyna gabat gelmegi “aýratyn manyly” diýdi.

XS
SM
MD
LG