Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FBI-iň wezipeden çetleşdirilen müdiri Komiý Kongresde çykyş edýär


Federal derňew edarasynyň (FBI) ozalky müdiri Jeýms Komiý
Federal derňew edarasynyň (FBI) ozalky müdiri Jeýms Komiý

Federal derňew edarasynyň (FBI) ozalky müdiri Jeýms Komiýniň, Birleşen Ştatlaryň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda orslaryň gatnaşygyny we prezident Donald Trampyň ýaranlarynyň Orsýet bilen ilteşigini derňeýän kanunçykaryjylarynyň öňünde şaýatlyk edip çykyş edýär.

Komiýniň 8-nji iýunda Senatyň aňtaw komitetinde edýän çykyşy, onuň Tramp barada galdyran ýazmaça bellikleriniň halk köpçüligine ýetirilmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Şaýatlyk häsiýetli ýazmaça belliklerde Komiý, özüni 9-njy maýda wezipeden çetleşdiren Trampyň, Federal derňew edarasyna prezidentiň ilkinji howpsuzlyk geňeşçisi we orsýetli resmiler bilen ilteşikli derňewi ýapmaga basyş edendigini aýdýar.

Şeýle-de Komiý, 27-nji ýanwarda Ak tamda guralan agşamlykda Trampyň ondan wepalylyk talap edendigini aýdýar. Agzalýan agşamlyk prezidentiň kasam kabul edip işe girişmeginden bir hepde soň guralypdy. Birleşen Ştatlaryň aňtaw resmileri saýlawlara Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň demokrat dalaşgär Hillari Klintonyň garşysyna respublikanlaryň peýdasyna galtaşygy buýruk berendigini, munuň netijesinde Trampyň ýeňiş gazanandygyny aýdýarlar.

Komiýniň bellikleri onuň Tramp bilen geçiren ikiçäk duşuşyklaryndan soňra bellige alnan jikme-jiklikleriniň esasynda ýazylypdyr. Agzalýan ýazmaça bellikler soňky birnäçe hepdäniň dowamynda habar serişdelerinde prezidentiň öz howpsuzlyk geňeşçisi Maýkl Flin boýunça alnyp barylýan derňewlere täsir etmäge synanyşandygy barada aýdylýan gürrüňler bilen belli bir derejede ylalaşýar. Maýkl Flin 13-nji fewralda entek wezipä bellenenine bir aý hem dolmanka, özüniň Orsýetiň Waşingtondaky ilçisi Sergeý Kislýak bilen eden gürrüňleri dogrusynda wise-prezident Maýk Pense nätakyk maglumat bermekde aýyplanyp işden boşadylypdy.

Komiý ýazmaça belliklerinde Trampyň derňewlerden azatdygyny onuň özüne aýdandygyny belleýär. Trampyň aklawçysy Mark Kasowitz 7-nji iýunda bu ýagdaýa aýratyn üns çekmek bilen şeýle diýdi: “Prezident özüni tutuş durky bilen päk we bigünä duýýar”.

Ýöne, Wekiller palatasynyň respublikan sözçüsi, ýokary derejeli amerikan kanunçykaryjy Paul Raýan, Trampyň ýurduň kanun goraýjy edarasynyň başlygyndan wepalylyk talap etmegi “gürrüňsiz nädogry” diýdi.

Roýters (Reuters) habar agentliginde çykyş eden käbir hukukçy ekspertler, Komiýniň ýazmaça şaýatlyk belliklerinde aýdylýan ýagdaýlar sebäpli, ýagny Trampyň Komiýden wepalylyk talap etmegi we Flin boýunça alnyp barylýan derňewi ýatyrmagyna garaşmagy onuň adalaty bökdändigine güwä geçip, prezidentiň suda çekilmegine esas döredip biler diýýärler. Şol bir wagtyň özünde, käbir hukukçylar Trampyň Flin boýunça alnyp barylýan derňewleri ýatyrmaga niýetlenendigini subut etmegiň kyndygyny aýdýar.

Komiý ýazmaça belliklerde, 27-nji ýanwarda guralan agşamlygyň dowamynda Trampyň özünden FBI direktory wezipesinde galyp galmazlyk islegi bilen gyzyklanyp sorag sorandygyny aýdýar. Komiý bu wezipä ozalky prezident Barak Obama tarapyndan bellenipdi.

Bu soraga Komiý on ýyl möhlet bilen bellenen wezipesinde möhleti tamamlanýança galmaga isleg bildirýändigini aýdyp jogap beripdir. Ol syýasy taýdan hiç hili tarap tutmaýandygyny hem sözüniň üstüne goşupdyr.

Komiýniň aýtmagyna görä, yanwarda geçirilen agşamlykda Tramp oňa: “Maňa wepalylyk gerek! Men wepalylyga garaşýan” diýipdir. Komiý bolsa “men dogruçyl bolaryn” diýip jogap beripdir.

Soňra Tramp “dogruçyl wepalylyk” isleýändigini aýdypdyr. Komiý: “Siz menden şony alarsyňyz”, diýipdir.

14-nji fewralda Tramp bilen Komiýniň arasynda bolan duşuşykda prezident derňew edarasynyň başlygyna Flin derňewi boýunça basyş edipdir.

Komiýniň ýazmagyna görä, Tramp oňa: “Bu mesele boýunça gaýrat etseň öz ýoluňy has aýdyň görersiň. Flin meselesi boýunça... Ol oňat oglan” diýipdir.

“Men prezident, Fliniň dekabrda ors ilçisi bilen geçiren gürrüňdeşligi boýunça alnyp barylýan derňewiň ýapylmagyny haýyş etjek bolýarmyka diýip düşündim” diýip, Komiý ýazmaça belliklerinde aýdýar.

Tramp Komiýni 9-njy maýda wezipeden çetleşdiripdi. Bu waka Waşingtony aýaga galdyryp, ozalam orsýetli we beýleki daşary ýurtly resmiler bilen boldy diýilýän ilteşik sebäpli sarsylan Trampyň prezidentlik tagtyna has hem şübhe bilen garalmagyna getirdi.

Federal derňew edarasynyň agzalýan ugur boýunça alyp barýan işine goşmaça hökmünde, Senatyň aňtaw komiteti we Wekiller palatasynyň binýadynda döredilen azyndan bir komitet agzalýan şübheli ilteşigi derňeýär. Şol bir wagtyň özünde, gürrüňi edilýän toparlar, Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklarynyň ‘2016-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna orslaryň goşulyşmagy bilen Trampyň peýdasyna ýeňiş gazanyldy’ diýip, gelen netijesini derňeýär.

Komiý Trampyň özüne, halkyň öňüne çykyp prezidentiň derňelmeýändigini mälim edip çykyş etmegi üçin hem basyş edendigini aýdýar. Ýazmaça belliklerden mälim bolşuna görä, Tramp 30-njy martda Komiýe jaň edip “gara bulutlary aradan aýyrmak üçin näme etse?” bolar diýipdir.

Komiý: “Men, biziň tijegimiz özümizde! Bu meseläni (Orsýetli meseläni) mümkin boldugyndan tiz derňeýäs. Işimizi doly berjaý edip munuň netijesinde hiç hili meselä duşmasak bu örän peýdaly bolar diýdim. Ol ylalaşdy, ýöne şonda-da bu meseläniň özüne edýän täsiri baradaky gürrüňleri tekrarlady” diýip belleýär.

XS
SM
MD
LG