Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatdaky forumda suw serişdesiniň gytçylygy maslahat edildi


Illýustrasiýa

Aşgabatda “Merkezi Aziýada daşky gurşaw we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin başlangyç” atly Halkara ekologiýa forumy öz işini tamamlady.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti hem-de Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi tarapyndan gurnalan bu maslahatda beýleki meseleler bilen bir hatarda, sebitde suw serişdesiniň gytçylygy barada maslahat edildi.

Halkara ekologiýa forumynyň jemleýji gününde, ýagny 7-nji iýunda Gazagystanyň we Türkmenistanyň wekilleri suw serişdelerini ulanmagy we halkara suw hukuklarynyň halkara tejribelerini hemmetaraplaýyn öwrenendiklerini beýan etdiler.

Öz gezeginde Gyrgyzystanyň wekili suw serişdelerinden rejesiz peýdalanmagyndan gelip çykjak töwekgelçilikden halas bolmak bilen baglylykda, sebitiň ähli ýurtlarynyň arasynda suw ulanyşyň ykdysady mehanizmini işläp düzmegi teklip etdi diýlip, resmi metbugatda habar berilýär.

Gazagystan, Özbegistan, Eýran we Owganystan bilen serhetleşýän Türkmenistan dört ýurduň territoriýasyndan geçýän derýalaryň suwundan kesgitlenen kwota laýyklykda peýdalanýar. Olaryň arasynda Amyderýa, Tejen, Etrek we Murgap derýalary bar.

XS
SM
MD
LG