Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Tähran hüjümleri bilen ilteşikli ýene iki şübhelini tussag etdi


Eýranyň howpsuzlyk işgärleri
Eýranyň howpsuzlyk işgärleri

Eýranyň polisiýasy şu hepde Tähranda amala aşyrylan we 17 adamyň ölümine sebäp bolan ekiztaýy hüjümler bilen ilteşiklidigi aýdylýan ýene iki şübhelini tussag etdi diýip, Eýranyň mediasy habar berýär.

Döwlet telewideniýesiniň 9-njy iýunda beren maglumatynda agzalýan şübhelileriň ýurduň günbataryndaky Kermanşah welaýatynda tussag edilendigi we polisiýanyň reýdleri netijesinde şol ýerde “käbir terrorçy öýjükleriň hem ýok edilendigi” mälim edilýär.

Şeýle-de, 9-njy iýunda wakada pida bolanlaryň jaýlanyş çäresi amala aşyryldy.

7-nji iýunda Eýranyň parlamentinde we Aýatolla Ruholla Homeýniniň guburynda bolan hüjümleriň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” atly ekstremist topar öz üstüne aldy.

8-nji iýunda ýurduň Aňtaw ministrligi ýörite beýanat ýaýradyp, hüjümlere gatnaşan bäş adamyň eýranlydygyny hem-de olaryň Yrakda we Siriýada “Yslam döwleti” toparyna goşulandygyny aýtdy.

Ministrligiň beýanatynda bu toparyň dini ýerlerde terrorçylykly operasiýalary amala aşyrmak üçin, “Yslam döwleti” toparynyň lideriniň tabşyrygy esasynda, geçen ýylyň tomsunda Eýrana dolanandygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG